Amerikan ilçihanasy: “Gazagystan terroristik howp abandyranok”

“Terroristik guramalara we olaryň agzalaryna hemaýat we goldaw bermek meýillerini görkezýän” 36 ýurduň raýatlary saý-sebäp bilen Birleşen Ştatlaryň Migrasiýa gullugy tarapyndan saklananda goşmaça barlag çäreleri geçirilmeli edilen.

Birleşen Ştatlar Gazagystany terroristik howp abandyrýan ýurt hasaplamaýar diýip, ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasy aýdýar. Bu beýanata ABŞ-nyň Migrasiýa gullugynyň Gazagystany we Türkmenistany “terroristik howp abandyrýan” ýurtlar diýip hasaplaýandygy barada halkara mediada çykan habarlar sebäp boldy.

“Habar serişdelerinde Gazagystan we halkara terrorizm boýunça ABŞ-nyň hökümetiniň pozisiýasy barada yzygiderli soraglar galdyryldy. ABŞ-nyň hökümeti Gazagystany haýsydyr bir görnüşde terrorizmi goldaýan ýurt hasaplamaýar” diýip, amerikan ilçihanasynyň anna güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Bu barada “KazTAG” agentligi habar berýär.

Amerikanyň diplomatik edarasynyň nygtamagyna görä, Waşington Astanany terrorizme garşy göreş boýunça ýaran hasaplaýar we “halkara guramalaryň terrorizme garşy göreş babatda alyp barýan çärelerine Gazagystanyň berýän goldawynyň” gadyryny bilýär. 2010-njy ýylda Gazagystan ÝHHG-niň döwürleýin başlygy bolupdy.

Mundan öň, 21-ni iýulda, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan Gazagystanyň terrorizm boýunça töwekgelçilik döredýän ýurtlaryň sanawyna girizilmegine reaksiýa bildirip, bu ýagdaýa özleriniň “geň galýandyklaryny we çynlakaý biynjalyk bolýandyklaryny” mälim etdi.

Penşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ilýas Omarow Astanada çykyş edip, şeýle diýdi: “Bu ýagdaý Gazagystan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna ters gelýär. Amerikan partnýorlarymyzyň muny düzetmek boýunça derhal iş geçirmeklerine garaşýarys”.

36 ýurduň sanawy

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlygy departamenti “Howp döretmäge ýakyn daşary ýurtlulara gözegçilik” atly täze hasabatyny ýaýradypdy. Hasabatda ýurduň Migrasiýa we Gümrük gullugynda daşary ýurtlulary saklamagyň we olara gözegçilik etmegiň düzgünleri görkezilýär we töwekgelçilik döredýän ýurtlaryň sanawy getirilýär.

Bu resmi dokumentde “Terroristik guramalara we olaryň agzalaryna hemaýat we goldaw bermek meýillerini görkezýän” 36 ýurduň sanawy düzülipdir. Sanawa Eýran, Owganystan ýaly döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem goşulypdyr. Bu ýörite sanawda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan hem bar.

Maý aýynda ýaýradylan bu hasabatda görkezilen ýörite sanawa giren döwletleriň raýatlaryna terrorizme haýsydyr bir görnüşde ilteşigi bolmakda şübhe bildirilip, olar saý-sebäp bilen Birleşen Ştatlaryň Migrasiýa gullugy tarapyndan saklananda goşmaça barlag çäreleriniň, ýagny üçünji tarapyň gözegçiliginiň geçirilmegi talap edilýär.

Näme üçin?

ABŞ-nyň halkara terrorizme garşy göreşinde Waşingtonyň hyzmatdaşlary saýylýan Gazagystan bilen Türkmenistanyň şol sanawa girizilmegine nägilelikler döredi. Özbegistan bilen Täjigistan barada aýdylanda, iň bolmanda, bu ýurtlaryň “Özbegistanyň yslamçy hereketi”, “Hizb ut-Tahrir” toparlary bilen ilteşigi bar.

Näme üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň raýatlary goňşy Azerbaýjanyň ýa Gyrgyzystanyň raýatlaryndan has ýokary töwekgelçilik döredýär? Sanawy düzen Milli howpsuzlygy departamentiniň hasabatynda bu ugurda düşündiriş ýok. Terrorist diýlip ykrar edilen toparlaryň arasynda hem bu ýurtlarda hereket edýäni ýok.

Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanyň beýle sanawa goşulmagyna hiç hili esas görmeýändigini aýdýar. “Hatda şol “2002-nji noýabr wakalary” diýilýän “gara sanawy” we “terrorizmi” ýurduň ozalky prezidenti halkyň boýnuna zorluk bilen dakypdy” diýip, Bugaýew belleýär.

“Belli waka ýok”

ABŞ-da ýerleşýän “Birleşen Ştatlaryň Azeri aragatnaşygy” toparynyň beýanatynda hem “Türkmenistanyň we Gazagystanyň bu sanawa goşulmagynyň düşnüksizdigi” bellenilip, “bu ýurtlaryň we olaryň raýatlarynyň terror toparlaryna we olaryň agzalaryna hemaýat edendigi barada hiç hili belli waka ýok” diýilýär.

Aşgabatly publisist ýazyjy Bugaýew Türkmenistandaky ýagdaýa ünsi çekip, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Ýurduň içinde terrorizmiň alamatlary hem ýok, oňa baş goşýan adam hem ýok. Elbetde, iki-ýekesi bardyr, ýöne, umuman, döwlet derejesinde hiç zat ýok. Türkmenistanyň şol sanawa goşulmagyna men hiç hili esas göremok”.

Amerikan-azeri topary Türkmenistanyň we Gazagystanyň bu sanawa goşulmagy boýunça derňewiň geçirilmegine, şeýle-de degişli düşündirişiň berilmegine çagyryş edýär. Bu topar sanawa goşulan Türkiýäniň we Özbegistanyň hem terror guramalaryny goldaýandyklary barada anyk maglumatlaryň ýokdugyna ünsi çekýär.

Bu meselä täzeden seredilip, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe terrorizm meselesinde bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän ýagdaýda bu sanawa girizilen bolsa, onda bu döwletleriň dessine ol sanawdan aýrylmalydygyny ABŞ-da ýerleşýän “Birleşen Ştatlaryň Azeri aragatnaşygy” atly hökümete degişli bolmadyk topar nygtaýar.