Halkara guramalar Türkmenistanda maglumata edilýän gözegçiligi ýazgardylar

Türkmen tarapy özüne “töhmet atyjy” maglumatlaryň öňüni almak üçin çäre görjekdigini yglan edipdi.

Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň we Niderlandlaryň Helsinki Komitetiniň bilelikde ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanyň daşynda hereket edýän hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen gatnaşykdaky adamlaryň howp astyna düşmeginden howatyrlanma bildirilýär.

Guramalaryň bu beýannamasy adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň chrono-tm.org internet saýtyna elektron hüjüm edilip, onuň döwülmeginiň yz ýany ýaýradyldy.

Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin
Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasy öz internet saýtyna 18-nji iýulda irden hüjüm edilip, onuň döwülenligini habar berdi. Abadandaky partlamalar we ondan soňky ýagdaýlar barada yzygiderli maglumat ýaýradan esasy çeşmeleriň biri bolan bu saýt häzir işlemeýär.

Guramanyň müdiri Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde özüne we “Türkmen inisiatiwasy” bilen gatnaşykda bolan adamlara öňem basyş edilenligini, emma Abadandaky partlamalardan soň, basyşlaryň hasam güýçlenendigini belledi. Ol öz internet saýtyna bolan hüjümde Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň eliniň bardygyny çak edýär.

Bu waka bilen baglylykda Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň we Niderlandlaryň Helsinki Komitetiniň ýaýradan bilelikdäki beýannamasynda saýta edilen hüjüm netijesinde Türkmenistanyň daşynda we içinde “Türkmen insiatiwasy” bilen gatnaşykdaky adamlaryň janynyň howp astyna düşýänligine aladalanma bildirdi.

Beýannamanyň awtorlarynyň biri, Niderlandlaryň Helsinki Komitetiniň müdiri Harri Dummel saýta edilen bu hüjüme türkmen häkimiýetleriniň başga pikirdäki adamlara garşy amala aşyrýan nobatdaky basyşy hökmünde garaýar. “Bu olaryň informasiýa gözegçilik etmek isleýänligini görkezýär. Türkmen hökümeti ýurduň diňe asuda we parahatçylykly tarapyny görkezmek isleýär” diýip, Dummel Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti Abadandaky partlamalarda 15 adamyň heläk bolup, käbir binalara zeper ýetenligini 10-njy iýulda yglan etdi. Şondan soň Abadan temasy ýolbaşçylar derejesinde agzalman gelýär. Häzir türkmen hökümeti resmi dynç alyşda.

Informasiýanyň öňüniň alnyşy

Abadandaky partlamalar temasynyň käbir daşary ýurt habar serişdelerinde gozgalmagy-da türkmen ýolbaşçylarynda nägilelik döretdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 11-nji iýulda ýaýradan resmi beýannamasynda Orsýetiň “Rossiýa” telekanalyny hökümetiň Abadandaky wakalar barada berýän resmi maglumatyna ynamsyzlyk döretmekde aýyplapdy. Beýannamada türkmen tarapy özüne “töhmet atyjy” maglumatlaryň öňüni almak üçin çäre görjekdigini yglan edipdi.

Bu beýannamanyň ýaýradylmagynyň yz ýany, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Halnazar Agahanow Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigori Karasin bilen duşuşdy. Şonda ýurtlaryň gatnaşyklarynyň geljegi maslahat edildi diýip, resmi maglumatlarda habar berlen hem bolsa, käbir synçylar şol duşuşykda Abadandaky wakalar barada rus metbugatynda habar berlişine hem seredilenligini aýdýarlar.

Türkmenistanyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça hereketiniň ýolbaşçysy Anatoliý Fomin Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdeleri başda bir gezek maglumat beren bolsalar-da, indi olar dil ýarman gelýärler. Türkmen ilçisiniň Orsýetiň Daşary işler ministrligine sapar edip, habar berilmezlik barada ors resmileri bilen dilleşmegi muňa sebäp boldy”.

Abadandaky partlamalaryň yz ýany bu waka barada habar beren Orsýetiň milli habar serişdelerinde bu tema soňky günlerde agzalmaýar.

14-nji iýulda Aşgabadyň hukuk goraýjý edarasynyň işgärleri hem änewli garaşsyz žurnalist, blogger Döwletmyrat Ýazgulyýewe Abadan partlamasy barada berýän maglumatlary boýunça duýduryş berdiler.

Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, gurama Awstriýanyň internet arkaly edilýän kiber jenaýatçylyklara garşy göreşýän dolandyryşyna ýüz tutup, saýtynyň hüjüm edilip, döwülmegine kimiň günäkärdigini anyklamakçy.