ÝHHG Gyrgyzystanda töhmetiň jenaýat hasaplanmagynyň ýatyrylmagyny öwýär

ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýada töhmetiň jenaýat hasaplanmagyny ýatyran ilkinji döwlet bolandygyny aýdyp, bu ädime ýokary baha berdi.

Dunýa Mýatowiçiň beýanatynda «Töhmeti jenaýat hasaplamak düzgüniniň ýatyrylmagy ýurduň metbugat azatlygyny güýçlendirer» diýilýär.

Prezident Roza Otunbaýewa ýurduň Jenaýat kodeksine girizilýän düzedişlere 11-nji iýulda, geçen aý parlamentde tassyklanandan soň gol çekdi.

Şeýle-de Mýatowiç «masgaralamak» we «resmini masgaralamak» kanunlarynyň hem Gyrgyzystanda tankydy söz sözlemegi çäklendirmek üçin ulanylmazlygyna umyt bildirdi.

Ol gyrgyz häkimiýetleriniň bu düzgünleri ýatyrmak işlerini mundan beýläk hem ilerletmek üçin tagalla etmelidiklerini aýtdy.