Dünýäde altynyň nominal bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Şol sebäpli inwestorlaryň arasynda amerikan dollarynyň we ýewronyň ynamdarlygy bilen bagly aladalanmalar güýçlenýär.
Altynyň nominal bahasy soňky ýyllardaky rekord derejesine çenli ýokarlanyp, her unsiýasy 1,600 amerikan dollaryna barabar boldy. Bu ýagdaýyň täsiri Atlantik okeanynyň iki tarapynda hem duýuldy we Birleşen Ştatlaryň hem Ýewropanyň bergilerine, şeýle-de amerikan dollarynyň hem ýewronyň ynamdarlygyna degişli aladalanmalary güýçlendirdi.
Altynyň bahasynyň ýokarlanmagy ykdysady telegepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Hususan-da, ABŞ-nyň CNBC telekanalynda altynyň bahasynyň galmagynyň döredip biljek ýagdaýlaryna we onuň nyrhlara ýetirip biljek täsirine degişli soraglar orta atyldy.
Altynyň nominal bahasy tiz ýokarlanýan hem bolsa, bu görkeziji entek onuň bazar bahasynyň rekord derejesine ýetenok. Bu rekord 1980-nji ýylda peýda bolupdy. Şonda altynyň her unsiýasy 850 dollara, ýagny dollaryň häzirki hümmeti esasynda hasaplananda 2 ýarym müň dollara satylypdy.
Sebäpler
Geçen onýyllygyň dowamynda altyn dolanyşykda iň ýörgünli haryt hökmünde ulanylypdy. Häzir onuň bahasynyň ýokarlanmagy iki sebap bilen baglanyşdyrylýar.
Birinjiden, ABŞ-nyň Demokratik we Respublikan partiýalarynyň ýurduň salgyt syýasaty boýunça alyp barýan özara çekeleşikleriniň petige diremegi netijesinde ABŞ-nyň töleg ukybynyň gowşamagy bilen bagly howatyrlanmalar güýçlenýär.
Ikinjiden, Ýewropanyň liderleri Gresiýadaky maliýe krizisinden çykalga tapmaga synanyşýarkalar, Ýewropa Bileleşiginiň ýene birnäçe agza ýurtlarynda, şol sanda Italiýada, Ispaniýada we Irlandiýada hem bergilere degişli kynçylyklar esasynda krizis güýçlenýär.
Gymmatly metallaryň ýene birnäçesiniň bahasy hem gymmatlady. 18-nji iýulda Nýu-Ýorkda kümşüň bahasy 40,52 dollardan aşdy. Bu görkeziji kümşüň bahasynyň şu ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejesidir.
Nyrhlaryň geljegi
Altynyň bahasynyň geljegi barada pikirler bölünýän hem bolsa, bilermenleriň köpüsi onuň ýokarlanmagynyň dowam etjegini, emma munuň gysga mohletleýin häsiýete eýe boljagyny, altynyň bahasynyň her unsiýa üçin 1,650 ýa 1,700 dollardan aşmajakdygyny çak edýärler.
Ýöne ABŞ-daky we Ýewropadaky syýasy çekeleşikler dowam edip, altynyň bahasynyň galmagy uzak möhletleýin häsiýete eýe bolsa, munuň maýa goýujylary uly ýitgilere sezewar edip biljegi-de bellenýär.
Analitikleriň pikirine görä, şu günki gün ABŞ-nyň gymmatly kagyzlarynyň hümmeti ýokary derejede saklanýar. Bu bolsa maýa goýujylarda ynam döredýär.