Şu aýyň 10-16-sy aralygynda Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň delegasiýasy Türkmenistanda saparda boldy.
Komitetiň regional bölüminiň başlygynyň orunbasary Fransua Blansiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Içeri işler ministrliginde, Baş prokuraturasynda, şeýle-de Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we Adam hukuklary institutynda gepleşikler geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda Gyzyl Haç Halkara Komiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň maslahat edilendigi habar berilýär.
Ýarym resmi “Turkmenistan.ru” internet saýtynda “Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň delgasiýasy Içeri işler ministrliginiň düzümine girýän edara hem sapar edip, ol ýerde saklanýanlaryň ýagdaýy bilen tanyşdy” diýlip, habar berildi. Emma maglumatda anyk “türme” diýen söz getirilmedi. "Gyzyl Haç" hem häzire çenli bu barada beýanat ýaýratmady.
“Türkmenistan.ru” saýtynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, “bu hereket Gyzyl Haç Halkara Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ädilen ädim we gumanitar ugurdan halkara guramalar bilen aktiw dialogyň hem özara gatnaşyklaryň netijesidir”.
Ýakynda Britaniýanyň Daşary işler ministrligi Adam hukuklary we demokratiýa boýunça täze hasabatyny ýaýradypdy. 2010-njy ýyla degişli bu hasabatda Türkmenistan alada döredýän ýurtlaryň arasyna girizilip, onda, hususan-da Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň wekilleriniň türkmen türmelerine goýberilmegini gazanmak üçin Britaniýanyň hökümetiniň Türkmenistanyň hökümetine basyş etmegini dowam etdirmekçidigi bellenipdi.
Esasy meseleleriň biri
Türkmenistandaky türmeleriň ýagdaýy halkara jemgyýetçiligini alada goýýan esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.
Golaýda Osloda ýerleşýän Norwegiýanyň Helsinki komiteti Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzyň aýallar türmesindäki tussaglaryň ýagdaýlary barada hasabat ýaýradypdy. Hasabatda türmede saklanýan aýallaryň gündelik durmuşy, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we olaryň gynamalara sezewar edilişi aç-açan görkezilýär.
Hasabaty taýýarlan komitetiň maslahatçysy Iwar Deýl Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: “Soňky wagtlarda türkmen häkimiýetleri biznes pudagynda, hususanam uglewodorod serişdeleri boýunça iş alyp barýanlary, şeýle-de günbatarly diplomatlary ýurda gelmäge çagyrýarlar. Ýöne, muňa garamazdan, adam hukuklaryny goraýjy guramalara welin, Türkmenistana gelip, ýagdaýlara gözegçilik etmek asla mümkin däl diýen ýaly”.
Türkmenistan halkara gözegçilere türkmen türmelerine baryp, ol ýerlerdäki şertleri synlamaga rugsat bermekden henize çenli saklanyp gelýär. Günbatar bolsa köpden bäri Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň wekilleriniň türkmen türmelerine barmagyna ygtyýar berilmegine çagyryş edip gelýär.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin öňe sürýän şertleriniň biri-de "Gyzyl Hajyň" wekilleriniň Türkmenistanyň türmelerine baryp görmegine rugsat berilmegidir.