Türkmen zenanlary ykdysady simpoziuma gatnaşýar

Bişkekde geçýän bu halkara çärä Türkmenistandan 15 zenan gatnaşýar.

18-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde aýallaryň halkara simpoziumy öz işine başlady.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň lider-zenanlarynyň bu ykdysady duşuşygyna Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk we Döwlet departamentiniň aýallar meselelerine degişli ýörite tabşyryklar boýunça wekili Melani Werwir gatnaşýar.

“Üstünlik ugrundaky strategiýa” ady bilen Bişkekde geçirilýän üç günlük ykdysady simpozium ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu cäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň zenanlary üçin ykdysady mümkincilikleriň ösüşine ýardam bemek maksadyna gönükdirilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň aýallar meseleleriniň koordinatory Melani Biksbi bu çäräniň maksady barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Simpoziumyň maksady aýallaryň telekeçilik işlerini goldamakdan we aýallaryň regional söwdadaky roluny kesgitlemekden ybarat. BMG-niň, Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna görä, aýallar öz ýurtlarynyň ykdysadyýetlerine uly goşant goşýarlar”.

Biksbi aýallaryň syýasatdaky we bilim sistemasyndaky rolunyň, şeýle hem aýallaryň ýolbaşçylyk wezipelerindäki rolunyň hem maslahat edilýänligini, foruma gatnaşýan zenanlaryň özara tejribe we bilim alyşmak üçin seýrek mümkinçilige eýe bolanlygyny belledi.

Türkmenistanly zenanlar

Bişkekde geçýän bu halkara çärä Türkmenistandan 15 zenan gatnaşýar. Türkmen delagasiýasynyň düzümine girýän agzalaryň türkmen hökümetiniň ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilcihanasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginde saýlanyp alnanlygyny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Gyrgyzystanyň paýtagtynda 18-nji iýulda öz işine başlan aýallaryň ykdysady simpoziumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda syýasat, ykdysadyýet we jemgyýetçilik ugurlary maslahat edilýär.

Maslahatda aýallaryň söwda we telekecilige gatnaşmagynyň ykdysady üstünlikler ugrundaky roluna, liderçiligiň döredýän mümkinçiliklerine we aýallaryň döwleti dolandyrmagynyň ösüşe ýetirýän täsirine degişli meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar.

Simpoziumda aýallaryň telekeçilikdäki roluna aýratyn üns berildi. Gyrgyzystanyň “Siar” atly hususy kärhanasynyň başlygy Aýnura Sagynbaýewa bu halkara forumyň ähmiýetini şeýle kesgitledi: “Aýallaryň telekeçilikdäki roly örän uly. Sowet Soýuzy dargansoň, maşgala eklenjine degişli köp meseleler aýallaryň gerdenine düşdi. Şondan bäri aýallar biznesiň guramaçylygynda we osüşinde belli bir üstünlikleri gazanyp bildiler”.

Gyrgyzystanyň göreldesi

Käbir bilermenler regionda aýallaryň biznesdäki aktiwligi bilen Gyrgyzystanyň beýleki döwletlere görelde bolup biljegini aýdýarlar, emma olar aýallaryň syýasy-jemgyýetçilik ugurlardaky aktiwliginiň ýurtda henizem pes galýanlygyny belleýärler.

Muňa garamazdan, forumyň guramaçylary gyrgyzystanly zenanlaryň syýasy aktiwiligine we forumyň Bişkekde geçirilmeginiň simwoliki häsiýetine ünsi çekiýärler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň informasiýa boýunça wekili Bredli MakGwaýeriň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bellemegine görä, simpoziumda Gyrgyzystanyň zenan prezidenti Roza Otunbaýewanyň çykyş etmegi bu halkara çäresi bilen baglanyşdyrylýan umytlaryň simwolydyr.

Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýän aýallaryň ykdysady forumy öz işini 20-nji iýula çenli dowam etdirer.