Täjigistanda BBC-niň žurnalisti azatlyga çykaryldy

“BBC World Service” bölüminiň ýolbaşçysy Piter Horroks (ortada) we BBC-niň işgärleri žurnalist Orunbaý Osmanowyň tussag edilmegine protest bildirýärler, London, 22-nji iýun.

Täjigistanyň Sogd welaýatynyň Hojant şäheriniň tussaghanasynda bir aý saklanan BBC-niň habarçysy Orunbaý Osmanow prezident Emomali Rahmonyň ýörite buýrugy bilen azatlyga çykaryldy. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň Milli howpsuzlyk gullugynyň kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edarasynyň başlygy Muhammedjan Haýrullaýew ýetirdi.

BBC-niň Täjigistandaky habarçysy Orunbaý Osmanow
“Osmanow tussaglykdan azat edilsin” diýip, prezident buýruk berdi. Biz karar taýýarladyk. Emma Osmanowa açylan jenaýat işiniň saklanjagy ýa-da ýatyryljakdygy barada häzirlikçe hiç zat diýip bilmeýäris” diýip, Haýrullaýew aýtdy.

BBC radiosynyň Sogd welaýaty boýunça habarçysy Osmanow şu ýylyň 13-nji iýunynda dereksiz ýitdi. Aradan bir gün geçensoň, onun “Hizb ut-Tahrir” terrorçy toparyna agzalykda günälenip, Milli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edilendigi mälim boldy.

Şondan bäri BBC-niň ähli gulluklarynyň jemgyýeti, dünýädäki abraýly guramalar Täjigistanyň hökümetinden Osmanowyň derhal azatlyga çykarylmagyny talap edip, oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň esassyzdygyny nygtap gelýärler.

Osmanowa ilki ýöňkelen “Hizb ut-Tahrire” agzalyk aýby 28-nji iýunda onuň üstünden aýrylsa-da, ony azatlyga çykarmadylar.

12-nji iýulda Täjigistanyn Baş prokurory Şerhon Salimzada we döwlet baştutany Emomali Rahmon Osmanowyň tussag edilmegi bilen bagly anyk ýagdaýlary öwrenip, hasabat taýýarlamaladygyny talap edendiklerini aýdypdylar.

Baş prokuraturanyň resmisi Haýrullaýewiň sözlerine görä, 13-nji iýulda Sogd welaýatynyň prokuraturasyndan talap edip alnan Osmanowyň işi iki günüň dowamynda merkezde öwrenilip, prezidente hasabat taýýarlanandan soň, žurnalistiň azat edilmegi barasynda buýruk berlipdir.

Näme sebäp boldy?

Aslynda bir topar garaşsyz analitikler Osmanowyň Täjigistana maliýe kömegini berýän döwletleriň basyşy zerarly azatlyga çykarylandygyny aýdýarlar. Muny täjik resmileriniň özleri-de boýun alýar. Meselem 12-nji iýulda metbugat ýygnagyny geçiren Täjigistanyn Baş prokurory Salimzada tussag edilen Osmanowyň žurnalistdigini nygtap, onuň tussag edilmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň närazylygyna sebäp bolandygyny aýdypdy.

Penşenbe güni bolsa Täjigistanyň prezident apparatyndaky Strategik barlaglar merkeziniň başlygy Suhrob Şaripow žurnalistler üçin metbugat konferensiýasyny geçirip, Osmanowyň işiniň örän syýasatlaşandygyny aýtdy.

Täjigistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildiren guramalaryň ählisiniň bu waka bildirýän reaksiýalary Täjigistanyň abraýyna ýaramaz täsir edýär
“BBC-niň habarçysynyň işi meselesinde biz örän seresaply bolmaly. Çünki bu mesele bireýýäm syýasylaşdy. Prezidentimiz şu ýyl Günbatara sapar edende abraýly guramalaryň ýolbaşçylary bilen özara hyzmatdaşlyk barasynda gepleşik geçirdi. Emma prezident yzyna dolanan badyna BBC-niň habarçysy tussag edildi. Täjigistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildiren guramalaryň ählisiniň bu waka bildirýän reaksiýalary Täjigistanyň abraýyna ýaramaz täsir edýär” diýip, Şaripow aýtdy.

Şol bir wagtda-da Osmanowyň azatlyga goýberilmegi hemmeden öň onuň garyndaşlaryny begendirdi. Onuň ogly Aýbek öz begenjini şeýle beýan etdi: “Kakamyň azatlyga çykanyna şeýle bir begendik, täzeden doglan ýaly boldum. Men prezidentimize hem öz minnetdarlygymy bildirýärin. Prezidentiň özi kakamyň işini barlansoň, kakamy goýberdiler. Hudaý halasa, mundan beýläk hemmesi gowy bolar”.

Osmanowyň ogly Aýbek kakasynyň azatlyga çykmagy ugrunda alada eden ähli halkara guramalaryna we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine öz minnetdarlygyny bildirdi.