Abadan wakasyndan nähili sapak alyndy?

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Akdepe harby-howa bazasynda, 2010-njy ýyl.

7-nji iýulda öýlän Abadan şäheriniň ýanynda ýarag ammary partlanda, türkmen häkimiýetleri tutuş üç günläp bu wakada adam pidalaynyň we uly bir ýykan-ýumrançylygyň bolmandygy barada beýanat edip geldiler. Hatda wakanyň ertesi güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýykan-ýumrançylyklar we adam ýitgileri barada Orsýetiň habar serişdeleriniň ýalan maglumat ýaýradýandyklaryny aýdyp, muňa resmi protest hem bildirmäge ýetişdi.

Emma, eýýäm ilkinji günlerden başlap gözli şaýatlaryň internete ýerleşdiren wideoýazgylary, suratlary we habar serişdelerine beren gürrüňleri Abadan şäheriniň ýanynda hakykatdanam ýarag ammarynyň partlandygyna we uly ýykan-ýumrançylyklaryň hem-de adam ýitgileriniň bolandygyna hiç hili şübhe goýmady.

Internet saýtlary we habar serişdeleri inkär edip bolmajak şeýle maglumatlardan hyň berensoň, ahyrsony, wakanyň üçülenji güni, 10-njy iýulda Türkmenistanyň resmi habar agentligi şol gürrüňi edilýän ýerde hakykatdanam ýarag ammarynyň partlandygyny we onda 13 sany ýerli ýaşaýjynyň hem-de 2 sany esgeriň ölendigini habar berdi.

Emma türkmen häkimiýetleriniň uzak dowam eden inkär etmelerinden soň, olaryň adam ýitgileri baradaky beren bu soňky maglumatlary ýurduň içinde-de, daşynda-da kän bir ynam bilen kabul edilmedi. Adamlaryň beýle reaksiýasy türkmeniň “kör hasasyny bir aldyr” diýen nakylynyň janly beýany ýaly bolup göründi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Inisiatiwasy” topary bolsa, eýýäm şu hepdäniň sişenbe güni Abadandaky partlamada çekilen ýitgileriň 1,382 adamdygyny tassyklap, maglumat ýaýratdy.

Bu toparyň başlygy Farid Tuhbatullin bu barada şeýle gürrüň berdi: “Biz bu barada ýörite maglumat aldyk. Ýöne biz ony başga çeşmeleriň üsti bilenem barlap görmegi makul bildik. Beýleki çeşmelerden hem tassyklama alanymyzdan soň, biz bu maglumaty çap etmegi karar etdik. Biziň çap edişimiz ýaly, bizdäki bar bolan şol maglumatlara görä, Aşgabadyň eteginde bolan partlamanyň netijesinde ölen adamlaryň sany häzirki wagt 1,382-ä ýetipdir”.

Şwesiýada ýaşaýan garaşsyz žurnalist Akmuhammet Welsapar şular ýaly hadysalary gizlemek syýasatynyň, gaýta, ters netije berip, adamlaryň arasynda dowluň ýaýramagy, faktlaryň has-da ýoýulmagy, problemalaryň çuňlaşmagy ýaly netijelere getirýändigini aýdýar. Ol meseläniň çözgüdini açyklyk syýasatynda görýär.

Abadandaky bu partlama bilen baglanyşykly wakalar soňky bir hepdäniň dowamynda örän köp daşary ýurt habar serişdeleriniň üns merkezinde boldy. Hatda şu hepdäniň sişenbe güni “Al-Jazeera” telekanaly-da bu wakalar barada ýörite gepleşigi efire berdi. Onda çykyş eden daşary ýurtly ekspertler hem türkmen häkimiýetleriniň, sowet ýyllaryndaka meňzeşlikde, wakalary we faktlary gizlejek bolmak tendensiýasyna üns berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň bu partlama bilen baglanyşykly hereketleriniň uly geňirgenme döreden taraplary başga-da az bolmady. Adamlarda meseläniň köp taraplary uly soraglary döretdi.

Mysal uçin:

1.Näme üçin şol günüň ertesi Azerbaýjandaky uçar heläkçiligine, ýa-da, şondan üç gün geçensoň, Orsýetdäki gämi heläkçiligine resmi gynanç bildiren türkmen prezidenti öz ýurdunda bolan bu uly heläkçilik barada resmi gynanç beýanaty bilen halka ýüzlenmedi?

2. Näme üçin beýleki ýurtlarda ýurduň 10-15 raýaty ölende, matam güni yglan edilýärkä, Türkmenistandaky şeýle uly betbagtçylykda-da matam güni yglan edilmedi, üstesine, hatda döwlet telewideniýesiniň programmalaryndaky şatlyk-şagalaňly gepleşikler hem, wagtlaýynça-da bolsa, ýatyrylmady?

3.Näme üçin bu heläkçiligiň bolan ýerine türkmen prezidentiniň barandygy ýa barmandygy barada ýurduň habar serişdeleri hiç hili maglumat bermeýärler?

4.Näme üçin heläkçiligiň ertesi güni geçirilen hökümet maslahatynda Abadandaky heläkçilikleriň gürrüňi edilmän, geçen 6 aýdaky “gazanylan ösüşleriň” maslahaty edilýär?

5.Näme üçin türkmen prezidenti Abadanyň töwereklerinde gyssagly dikeldiş işleriniň we gumanitar ýardamlaryň ýola goýulmaly wagty, şol günüň ertesi öz ministrlerini we çinowniklerini Awaza dynç almaga ugradýar?

6.Näme üçin ol harby ammardaky partlama üçin ýakynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenen we ýaňy-ýaňylara çenlem goranmak ministri bolup işläp gelen Ýaýlym Berdiýewe temmi bermän, bary-ýogy üç aý mundan ozal onuň ornuna bellenen Begenç Gündogdyýewe temmi berýär?


Umuman, Abadandaky wakalar bilen baglanyşykly düýpli jogap talap edýän şuňa meňzeş meseleler köp adamlary alada goýýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan köp adamlar bolsa, häkimiýetleriň bu hereketlerinde meseläni çözjek bolmaklyk däl-de, eýsem, ýene-de nobatdaky gezek sahna gurnap, halk bilen oýun oýnajak bolmaklyk ýaly zady görýärler.

Tuhbatullin Abadanda bolan bu wakanyň halkyň aladasyny etmekde häzirki türkmen häkimiýetleriniň real işlere ukypsyzdyklaryny subut edendigini aýdýar: “Bu waka ýüze çykanda, olar özleriniň hiç zada ukypsyzdyklaryny görkezdiler. Ýokary häkimiýetdäki ýolbaşçylaram, ýerli ýolbaşçylaram real problemalary çözmäge gezek gelende, başarnyksyz we muňa taýýar däl bolup çykdylar”.

Dünýäniň köp ýurtlarynda, hatda Türkmenistanyň köp goňşy ýurtlarynda-da tebigy betbagtçylyklar, tehniki heläkçilikler ýaly hadysalaryň döwlet mediasy arkaly öz wagtynda halka ýetirilýändigini görmek bolýar. Elbetde, bu tebigy ýagdaý, çünki döwlet syryna degişli bolmadyk islendik bir maglumata eýe bolmak hukugy bu ýurtlaryň, şol sanda, Türkmenistanyňam raýatlarynyň aýrylmaz konstitusion hukugy bolup durýar.

Eýsem, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň şeýle meselelerde-de ýapyklyga, ýaşyrynlyga ýykgyn etmeklerini näme bilen düşündirip bolar? Bu psihologiýanyň aňyrsynda nähili dünýägaraýyş ýatyr?

Welsapar häkimiýetleriň bu psihologiýasynyň sowet eýýamynda sosializmi kapitalizmden gowy görkezmek, sosializmi her hili ýollar bilen owadanlamak üçin Staliniň režiminiň döreden syýasatdan göşbaş alýandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Nyýazowyň döwründe dowam etdirilen bu köne syýasatdan türkmen häkimiýetleri häzirem halas bolup bilenoklar.

Welsapar beýle syýasatdan ýurduň raýatlaryna-da, häkimiýetlerine-de hiç hili peýdanyň ýokdugyny, gaýta, munuň zyýanlydygyny nygtap, problemalaryň öňüni almak üçin şeýle hadysalar baradaky maglumatlaryň halka elýeterli edilmelidigini belleýär.

Şu günler paýtagt Aşgabatda häkimiýetler tarapyndan ýörite bellenen adamlaryň awtobuslara münüp, ýolagçylara ýurduň prezidentiniň “parasatly syýasaty”, onuň “halk barada edýän atalyk aladalary” barada söz sözläp, adamlary muňa ynandyrmaga çalyşýandyklary barada-da maglumatlar gelip gowuşýar. Arap ýurtlaryndaky nägile halkyň gozgalaňlaryna ser salsaň, türkmen häkimiýetleriniň bu çärelerine-de düşünse bolýar.

Emma beýleki tarapdan, paýtagtda ýüzmillionlarça dollar pul çykarylyp prezidente köşk gurulýan mahaly, ministrlikler üçin sansyz-sajaksyz binalaryň, myhmanhanalaryň, seýilgähleriň gurulýan wagty ýarag ammarlaryny howpsuz ýerlere göçürmek ýa zerur kadrlary ýetişdirmek ýa ilatyň sosial ýagdaýyny düýpliräk gowulandyrmak üçin “puluň tapylmaýandygy” ýurduň raýatlaryny, elbetde, oýlandyrman durýan däldir.

Men nämüçindir bu makalany tanymal amerikan prezidenti Abraham Linkolnyň aýdan bir pähimi bilen jemläsim gelýär. Ol: “Az sanly adamlary köp wagtlap aldap bolar ýa-da hemme adamlary az wagtlap aldap bolar, emma hemme adamlary hemme wagt aldap bolýan däldir” diýipdir.