Abadan şäherinde dikeldiş işleri geçirilýär

Şäheriň ilatyna sisternaly maşynlarda agyz suwy getirilýär.

7-nji iýulda Abadan şäheriniň golaýynda ýerleşýän harby ammarlarda bolan partlamadan soň, adatdan daşary ýagdaýyň döreden zyýanyny aradan aýyrmak barada ýurtda döredilen ýörite hökümet topary tarapyndan ilata kömek bermekde birnäçe işler amala aşyrylýar.

Ýaralananlary “Tiz kömek” maşynlary bilen Aşgabadyň, Gökdepäniň keselhanalaryna, öýsüz galanlary bolsa Gökdepäniň etrap merkezindäki çagalar baglaryna, mekdeplere, Aşgabadyň myhmanhanalaryna, ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirdiler.

Abadan şäheriniň ýaşaýjysy Sonanyň aýtmagyna görä, kömek üçin döredilen meýdançalarda öýsüz-emläksiz galanlara azyk önümleri, agyz suwy mugtuna berilýär. Şäheriň ilatyna sisternaly maşynlarda agyz suwy getirilýär. Abat galan jaýlara elektrik togy, tebigy gaz berlip başlanypdyr. Weýran bolan jaýlarda heniz, elektrik togy, gaz turbalary dikeldilmändir.

Zaýa bolan jaýlarda dikeldiş işlerini geçirmek barada döwlet çäreleri yglan edildi. Emma köpler öz jaýyny özi bejermek barada aladalanýar. Hakimlikleriň işgärleri bolsa bazarlara aýlanyp, hususy dükanlaryň eýelerine döwlen aýna-gapylaryny gysga wagtda bejerip, hiç bir zeper ýetmedik ýaly görnüşe getirmelidikleri barada görkezme beripdirler.

Sonanyň ýene gürrüň bermegine görä, şäherde bar bolan mekdebe, çagalar bagyna uly zeper ýetenligi sebäpli, çagalaryny öýde saklaýan ene-atalara: “Çagalaryňyzy nirä tabşyrsaňyz tabşyryň-da, işe çykyň” diýip, 8-nji iýulda bu ýere gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa görkezme beripdir.

Her ädimde diýen ýaly, polisiýa işgärleri nobatçylyk çekýärler. Eýesiz galan öýler ogurlyk-jümrülikden goralýar. Partlamanyň indi gaýtalanmak howpunyň ýokdugy barada harby işgärler ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.

Partlama netijesinde dükanlara hem zeper ýetdi.
8-nji iýulda, günortadan soň, şäherde awtobus gatnawyna rugsat berildi. Ilat köpçüligi Aşgabadyň bazarlaryna gidip, azyk önümlerini alyp gelýärler. Partlamadan soň, aşa yssy howada elektrik togunyň iki günläp kesilmegi bilen öýlerde-de, dükanlarda-da bar bolan azyk önümleri zaýalandy. Goňşy obalardan heläkçilige uçramadyk adamlar öz hususy maşynlarynda gawun-garpyz, çörek we başga-da azyk önümlerini, haýyr-sahabat diýip, heläkçilik çekenlere getirip berdiler.

10-njy iýulda geçen hökümet maslahatynda döwlet baştutany zyýan çeken ilata kompensasiýalar tölemek barada, häzirki Abadan şaheriniň ornunda täze döwrebap şäher gurmak barada aýdyp geçdi. “Emma döwlet derejesinde edilýän gürrüňler iş ýüzünde örän haýal görünýär. Öýsüz, öý goşsuz galanlar bolsa müňlerçe” diýip, Sona nygtaýar.

“Ölenler barada anyk maglumatlar bilemzok. Ölüm-ýitim az bolmady” diýip, Sona keselhanalarda ýatan ýaralylara gan ýetmezçiligi sebäpli, meýletinçilerden gan tabşyrmagyň haýyş edilýändigini hem gürrüň berdi.

Ilatyň şeýle-de ýetde-gütde günde ýaşaýandyklaryny aýdyp, ol, bu hadysa bilen baglanyşykly, dikeldiş işlerine döwlet tarapyndan gyssagly üns berilmegine umyt bilen garaşýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.