Güýç edaralarynyň maddy üpjünçiligi gowulanar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Akdepedäki harby bölümde, 2010-njy ýylyň iýul aýy.

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň maliýe-maddy üpjünçiligi ýene gowulanar. Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň 6-njy iýulda geçirilen maslahatynda prezident bu ugurda birnäçe permana gol çekdi.

Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda gol çekilen permanlarda, hususan-da, prokuratura işgärlerine, derejelerine görä, goşmaça tölegler, Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary üçin bolsa ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Maslahatda bu ugurlaryň ýolbaşçylaryndan işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň sosial üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäre görülmegi talap edildi.

Türkmenistanda kanuny goraýjy we güýç ulanyjy edaralaryň kanuny berjaý edip, halka hyzmat etmekdäki roly nygtalýar. Muňa garamazdan, ýurdy, halky we kanuny goramaga borçly edaralaryň işgärleriniň kanuna sarpa goýýanlygyna ynamsyzlyk il içinde barha güýçlenýär.

Häzir pensiýadaky pedagog aşgabatly Saýara Durdyýewa iki ýyl mundan ozal ýaşap oturan jaýyndan çykaryldy. Pensioner Saýara muňa kazyýetiň çykaran kararynyň sebäp bolanlygyny Azatlyk Raidosyna gürrüň berdi.

“Meniň tutan aklawçym kanun esasynda we 518-nji madda boýunça pensioneriň maşgalasyny, gulluk jaýy ýa häkimligiň jaýy bolsa-da, jaýyndan çykarmaly dal diýip talap etdi. Muňa garamazdan, Köpetdag etrabynyň kazyýeti meni jaýdan çykarmaly diýip, karar etdi” diýip, Saýara aýtdy.

Durdyýewa kazyýetiň kararyny bikanun hasap edýär. Emma ol Ýokary kazyýete, prokuratura we ýerli häkimlige ýüz tutup, öz hukugyny goramak boýunça eden aladalarynyň şu çaka çenli hiç hili netije bermänligini, köp edaralarda onuň arza-şikaýatlarynyň diňlenmän, iberýän hatlarynyň bolsa jogapsyz galýanlygyny aýtdy.

Jaýyndan mahrum edilen Aşgabadyň ýene bir ýaşaýjysy 80 ýaşly pensioner Kaka Gurbanow elinden alnan jaýyndaky öý goşlarynyň diňe bäşden bir bölegini alyp bilenligini gürrüň berdi.

Näme üçin olar ileri tutulýar?

Ýurduň Goranmak, Içeri işler, Adalat ministlikleriniň, Prokuraturanyň hem Ýokary suduň işgärleriniň sosial upjünçiligine beýleki pudaklara garanda döwlet tarapyndan has uly üns berlip gelinýär.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa kanuny goraýjy we güýç edaralarynyň üpjünçilgini gowulandyrmak boýunça çareleriň awtoritar döwletlere mahsus hereketdigini belleýär.

“Şeýle režimler güýç strukturalaryna daýanýarlar. Şonuň üçin bu strukturalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryň we tutuş režimiň bikanun hereketleriniň üstüni ýapmagy üçin olara peşgeş berip durmaly” diýip, Begmedowa aýdýar.

Begmedowa höweslendiriji çäreleriň işi kamilleşdirmekdäki oňyn netijeliliginiň ähmiýetini hem belleýär. Emma onuň pikirine görä, döwletiň işgärleriň sosial ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça goldawy hemme pudaklarda deň bolmaly.

“Kanuny goraýjy edaralara gezek gelende bolsa, bu edaralaryň işgärleri diňe kanunyň çäginde halkyň hak-hukuklaryny goramakda gazanan takyk üstünlikleri üçin höweslendirilse, ýurtdaky bikanunçylyklaryň azalmagyna mümkinçilik dörederdi, halkyň göwnünden hem turardy” diýip, Begmedowa nygtaýar.

Türkmenistanda kanunçylygy berjaý etmegiň roly ýolbaşçylar tarapyndan hem nygtlaýar. Türkmenistanda raýatlaryň kanuny goraýjy edaralaryň işinden şikaýatlaryny derňemek boýunça prezidentiň ýanynda ýörite komissiýa döredildi. Emma bu edaranyň işi barada soňky döwürde habar berilmeýär.