Partlamalar Abadany sarsdyrdy

http://maps.google.com/maps?hl=en&sll=38.048161,58.195469&sspn=0.140657,0.256119&t=h&ie=UTF8&ll=38.048429,58.168488&spn=0.021021,0.054846&z=14&output=embed
View Larger Map: Kartanyň aşakdan çep tarapynda görkezilen zona ýarag ammarlarynyň ýerleşýän ýeri, ýokardan çep tarap Abadan şäheri (GRES), ammarlaryň sag tarapynda bolsa Güneş obasy ýerleşýär.

Penşenbe güni öýlän Aşgabadyň alkymyndaky Abadan şäheriniň günortasynda ýerleşýän ýarag ammarynda uly partlama boldy, ol ýerde güýçli ýangyn emele geldi.

Zarply partlamanyň emele gelen ýerine golaý ýerleşýän binalara agyr zeper ýetdi diýlip, habar berilýär. Käbir binalara we zawodlara ýangyn düşdi.

Ilkinji partlamadan az salym soň paýtagt Aşgabadyň üstüni goýy tüsse gurşap aldy. Partlamanyň sesiniň 20-25 km. töwerege eşidilendigi habar berilýär.

Ýurduň harby we howpsuzlyk güýçleri, ýangyn söndürijiler Abadan şäherine, onuň töweregindäki ilatly punktlara iberilip, adamlaryň bir bölegi ewakuasiýa edildi.

Ewakuasiýa edilen adamlaryň ençemesi Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlarynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirildi diýip, ýerli çeşmeler aýdýarlar.

Gowuşýan maglumatlara görä, şäheri terk etmek islemeýän adamlar hem az däl. Olaryň käbirleri öýleriniň talanmagyndan howatyrlanýarlar.

Partlamadan soň emele gelen tüsse, 7-nji iýul, Abadan şäheriniň golaýy. (Surata düşüren Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurbanow)
Häzirki wagtda Abadan şäherinde elektrik we suw üpjünçiligi kesildi, şäheriň merkezindäki sport meýdançasynda gumanitar kömek berýän nokatlar ýola goýuldy.



Partlamadan az salym soň "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk kärhanasynyň internet hyzmatlary hem kesildi. Birnäçe sagat soň täzeden ýola goýuldy.

Adatdan daşary maslahat

Bu waka bilen baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň mediasynyň habar bermegine görä, partlama howanyň aşa gyzmagy netijesinde ammardaky "feýerwerkleriň atylmagy" sebäpli ýüze çykypdyr.

Emma ýerli ýaşaýjylar wagtal-wagtal gaýtalanan partlamalaryň zarbasynyň uly bolandygyny, töwereklere snarýad bölekleriniň zyňylandygyny aýdýarlar.

Partlamanyň täsir radiusy: gündogarda Herrikgala obasy, demirgazykda Babarap obasy, günbatarda Kelejar, günortada Gökdere we dagyň üsti.

Resmi Aşgabat "ölenleriň we uly ýykgynçylygyň ýokdugyny" habar berýär, emma garaşsyz çeşmeler adam ýitgileriniň we ýaralanan adamlaryň köpdügini aýdýarlar.

Partlamadan soň emele gelen tüsse, 7-nji iýul, Abadan şäheriniň golaýy. (Surata düşüren Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurbanow)
Ýaralanan adamlaryň ençemesiniň paýtagt Aşgabadyň keselhanalaryna getirilendigi, olaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy barada maglumatlar gowuşýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryna zerur bolan degişli çäreleri ýola goýmak barada görkezme berdi.

Şeýle hem Berdimuhamedow indiki ähtimal partlamalaryň öňüni almak üçin, waka ýerinden heniz ýarylmadyk partlaýjy maddalary gözlemegi tabşyrdy.

Ammarlardaky ýangynlary söndürmek ilki başda howpsuzlyk güýçlerine başartmady, gaýtalanýan partlamalar ýangyny has hem güýçlendirdi.

Ýangynyň golaýdaky dag eteklerine ýaýramagyndan howatyrlanylyp, ýangyn söndürijileriň bir bölegi günortadaky baýyrlara tarap ugradyldy.

Käbir maglumatlara görä, agzalýan ammarlarda sowet döwründen galan ok-däriler, ýaraglar, partlaýjy maddalar we harby geýimler saklanýar.

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň 50 müňe golaý ilaty bolup, ol Türkmenistanyň senagat taýdan iň ösen şäherleriniň biri hasaplanylýar.