Karatedäki galplyklar

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen ýurduň orta mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň ýatyrylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe mugallymlaryny taýýarlaýan fakultetleriň ýapylmagy ýaş nesliň beden saglygynyň bekemegine-de, ýurtda sportuň ösmegine-de, dünýäniň sport ýaryşlaryna türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagyna-da öz negatiw täsirlerini ýetiripdi.

Şäherlerde, etrap merkezlerinde sport zallary, meýdançalary boşap galandan soň, sport enjamlary doly dargadylyp, oba ýerlerinde sport meýdançalary çöp-çalama basdyryldy. Kä ýerlerde sport meýdançalary mellek üçin paýlanyp berildi.

Soýuz döwründe bilim alan bedenterbiýe mugallymlary işsiz galyp, olaryň aglabasy söwda-satyga baş goşdular. Aglabasy daşary döwletlere iş gözlegine çykyp gitdiler. Bedenterbiýe mugallymlarynyň ýeňil eklenç gözläp, neşe söwdasyna baş goşup, jenaýatçylyga çekilenleri hem az bolmandy.

Garaşsyzlyk ýyllary paýtagtda at çapylýan aýlawyň hem-de ozalky "Kolhozçy" stadionynyň rekonstruksiýasy, S.Nyýazowyň olimpiýa stadiony bilen, suw-sport toplumynyň gurluşygyndan başga göze görnüp duran iş edilmedi. Amal edilýän gurluşyklaryň sanawyna bolsa, "Buzly köşk" ýaly döwlet gaznasyna uly çykdajy, az bähbit getirýän gymmatbaha gurluşyklar goşuldy.

2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, dargadylan ulgamyň ezeneginden galdyrylyp başlandy. Paýtagtda sport desgalarynyň gurluşygynyň sany artdyryldy. Welaýat merkezlerinde, etraplarda hem sport desgalarynyň gurluşygyna girişildi. Mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary täzeden dikeldildi.

Sport desgalarynyň sanawynda iň bir üns berilýäni at çapyşyklaryny geçirmeklige niýetlenýän aýlawlar bolup, şeýle desgalar häzirki wagtda welaýat merkezlerinde guruldy we gurulýar.

Edilýän aladalaryň çäginde sport söýüjileriň sany artyp, türkmen sportsmenleri dünýä arenasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyş edip başladylar. Ýokary orunlary eýeläp, dürli sylaglary alýan sportsmenler baradaky habarlar häli-şindi metbugat sahypalaryny bezeýär.

Korrupsiýa

Aşgabatly ýaşaýjy, 35 ýaşly türgen Arslanyň aýtmagyna görä, sport ulgamynda oňyn özgertmeleriň kändigine seretmezden, edilýän karam işleriň, bu ulgamda kök uran korrupsiýanyň hem bardygy hakynda maglumatlar ýeterlik.

Türkmenistanyň adaty karate milli merkeziniň (TAKMM-niň) türgenleri hem her ýylda dünýäniň köp döwletlerinde geçirilýän karate ýaryşlaryna gatnaşýarlar.

"Karate olimpiýa oýunlarynyň hataryna heniz goşulmaýan sport hasaplanýanlygy üçin, TAKMM Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň goldamagynda karateni sport görnüşinde däl-de, biznes hökmünde ulanyp gelýär. Daşary döwletlerde geçirilýän karate ýaryşlaryna türkmen sportsmenleriniň gatnaşmagyny ýolbaşçylaryň özi gurnaýar" diýip, Arslan aýdýar.

Berilýän maglumatlara görä, TAKMM-niň ýolbaşçylary internet arkaly daşary döwletlerde geçirilýän karate ýaryşlary barada maglumat alyp, ýaryşlara gatnaşmak üçin rugsat sorap, olaryň elektron poçtalaryna hat ýazýar. Ýaryşa gatnaşmak üçin rugsat alnanyndan soň, şeýle görnüşli smeta düzülýär:

1.TAKMM-ň wznosy üçin;
2.Sport zallarynyň (meýdançalaryň) kärendesi üçin;
3.Eminleriň tölegi üçin;
4.Mahabatlandyrmak üçin tölegler;
5.Ätiýaçnama üçin;
6.Iýmit üçin;
7.Myhmanhana üçin tölegler;

Goşmaça: Ýaryş Halkara derejesinde bolup, azyndan 10 döwlet gatnaşýar.


"Bu smeta ýokary bahalar bilen, nyrhlar amerikan dollary boýunça doldurylyp, galp dokument elektron poçta arkaly ýaryş geçýän tarapa ugradylýar" diýip, türgen Arslan sözüniň üstüne goşdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýaryş geçirýän tarap, ähli döwletlerde-de bolşy ýaly, ýaryşyň çykdajylaryny öz hasabyna ýa döwletiň hasabyna geçirýän bolsa-da, TAKMM-niň ýolbaşçysynyň haýyşy boýunça dokumente gol goýup, möhür basyp, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine, TAKMM-niň elektron poçtasyna we merkeziň ýuridik adresine ugradýar.

"Ýaryşlardan dolanylyp gelnenden soň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine we banklara galp hasabat berilýär" diýip, Arslan aýdýar. "Hasabatyň tassyklanýan güni, aýy, ýyly ýazylan dört burç möhüri komitetiň ýolbaşçylary indi birnäçe ýyl bäri ulanyp gelýärler".

Onuň aýtmagyna görä, ýolbaşçy ýaryşa gatnaşýan türgenlere komandirowka üçin hiç bir tölegleri tölemeýär. Döwlet tarapyndan iş saparyna gije-gündizde göýberilýän 60 amerikan dollary barada türgenler bilseler-de, ýolbaşçydan öz haklaryny alyp bilmeýärler. Sebäbi ýaryşa gitmezden ozal türgenlere "Pul aldym" diýip, boş wedomosta gol çekdirilýär.

Eger-de türgenlerden biri öz hakyny talap etse, onda ol daşary döwletde goýup gaýtmak howpy bilen gorkuzylýar. Şular ýaly mysalyň 2007-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde türgen Wepa Sähedow bilen bolandygyny, şol wakada Wepa Sähedowyň TAKMM-niň ýolbaşçysy bilen ýaka tutuşyp urşandyklaryny, bu gelşiksiz ýagdaýyň ähli türgenleriň göz önünde bolandygyny, şol sapardan soň Wepa Sähedowyň TAKMM-den daşlaşdyrylandygyny hem türgen Arslan ýatlap geçdi.

Ulaldylyp görkezilýär

Türgen Arslanyň sözlerine görä, daşary döwletlerde geçirilýän karate ýaryşlary köplenç 3-4 döwletiň arasynda geçirilýär. 2010-njy ýylda Serbiýada 4 döwletiň, Hindistanda 3 döwletiň, Türkiýede 3 döwletiň arasynda geçirilen ýaryşlar barada döwlete berlen hasabatda ýaryşlaryň 8-10 döwletiň türgenleriniň gatnaşmagynda halkara derejede geçirilendigi hakda ýalan maglumat berlipdir.

"Şeýdilmese, halkara derejesinde geçirilmedik ýaryşlara TAKMM-niň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan rugsat berilmezlik howpy bar. Şol howpdan sowa geçmek üçin bolsa galplaşdyrylan ýaryşlar gurnalýar. Şunuň netijesinde-de korrupsiýanyň düzümindäki adamlar gazanç edýärler" diýip, Arslan aýdýar.

Şular ýaly ýaryşlaryň ýene biri şu ýylyň iýul aýynyň 14-17-si aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Denizli şäheriniň Pamukkale şäherçesinde geçirilýär. Oňa türkmen türgenleri hem gatnaşar diýlip, habar berilýär.

Döwlet baştutany ýurtda sporty ösdürmek, türkmen sportsmenlerini dünýä derejesine çykarmak barada uly aladalar edýär. Türkmenistan özbaşdak döwlet bolaly bäri, döwlet tarapyndan sporta şu günki ýaly uly üns berlen wagty bolmandy.

"Emma gözegçiligiň pesligi, galyberse-de, ýokary instansiýalardan gözbaş alyp gaýdýan korrupsiýa döwlet gaznasyna artykmaç çykdajylary hem uly biabraýçylyk getirýär. Şeýle nogsanlyklar aradan aýrylsa, biziň türgenlerimizi iň bir abraýly orunlarda görse bolardy. Munuň üçin ýokary gözegçilik zerur" diýip, Arslan türgen nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.