Aşgabatda türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Türkmenistana iş sapary bilen baran Eýranyň resmi toparyna baştutanlyk eden içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najar Türkmenistanyň prezidenti we daşary işler ministri bilen duşuşdy.
Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyna we amala aşyrylýan bilelikdäki proýektleriň gidişine esasy ünsüň berlenligi habar berildi. Şu günki gün Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň esasy bölegini Eýrandan Türkmenistana eksport edilýän harytlar emele getirýär.
Eýranyň “Fars” habar agentliginiň maglumatyna görä, Eýranyň içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najar Türkmenistanyň hökümetini iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine päsgel berýän transport problemalaryny aradan aýyrmak üçin zerur bolan gyssagly çäreleri görmäge çagyrypdyr.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşan Eýranyň baş diplomaty Mohammad Najar Türkmenistanyň serhet barlag nokatlarynda eýranly sürüjileriň we telekeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna ünsi çekip, türkmen hökümetini şeýle problemalaryň çözülmegi üçin “iş ýüzünde hereket etmäge” çagyrdy diýlip, maglumatda bellenýär.
Aşgabatdaky duşuşykda “Tejen-Sarahs-Maşat” demirýol magistraly, “Gazgyzystan-Türkmenistan-Eýran” demirýoly, “Körpeje-Gurtguýy” we “Döwletabat-Sarahs-Hangeran” gazgeçirijileri, “Balkanabat-Ali-Abat” elektrik liniýasy, “Dostluk” suw saklaýjy howdany we “Transaziýa-Ýewropa” optik süýümli liniýa ýaly obýektleriň gurluşygy barada hem gürrüň gidenligi habar berilýär.
Şol bir wagtda-da Eýran Türkmenistanyň gaz hyrydarlarynyň biri. Türkmenistanyň we Eýranyň ýolbaşçylary 2010-njy ýylyň ýanwarynda “Döwetabat-Sarahs-Hangeran” gazgeçirijisini işe girizip, özara gaz söwdasynyň möçberini artdyrmak niýetini yglan edipdi. Bu gazgeçiriji türkmen gazynyň Eýrana eksportyny ýylda 20 milliard kubometre ýetirmage mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz söwdasynyň häzirki ýagdaýy, onuň möçberi we bahasy barada resmi derejede habar berilmeýär. Emma bilermenler gaz söwdasynyň garaşylyşy ýaly artmanlygyny belleýärler.
Eýranyň aladasy
Moskwada ýerleşýän “Syýasy ekspertiza” halkara institutynyň müdiri Ýewgeniý Minçenkonyň pikirine görä, ýadro programmasy sebäpli halkara ykdysady gabawda saklanýan Eýranyň öz gazyny eksport etmäge mümkinçiligi çäkli bolansoň, Tähran üçin has köp türkmen gazyny satyn almak zerurlygy ýok.
Minçenkonyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek planlary we ABŞ-nyň Türkmenistanyň giňişliginden Owganystana tarap transport aragatnaşygy üçin peýdalanmagy ýaly meseleler hem Eýrany alada goýýar. “Sebäbi olar Türkmenistanyň Eýrana garşy harby hereketler üçin giňişlige öwrülmeginden howatyrlanýarlar” diýip, Minçenko aýdýar.
Türkmenistanyň we Eýranyň ýolbaşçylary ýurtlaryň haryt dolanyşygynyň artýanlygyny aýdýarlar. Geçen ýyl ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 3 milliard dollara barabar diýlip yglan edilipdi we taraplar ony ýakyn 5 ýylyň dowamynda 10 milliard dollara çenli artdyrmak planlaryny mälim edipdiler.
Türkmenistana sapar edýän delegasiýanyň düzüminde Eýranyň Gülüstan we Demirgazyk Horosan welaýatlarynyň häkimleri, şeýle hem ýurduň parlamentiniň birnäçe deputaty bar diýlip, habar berilýär.