Döredijilik işgärleri prezidente minnetdarlyk bildirýärler

Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri döredijilik işärleriniň işinden nägile gürrüň edýär.

Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri 2-nji iýulda paýtagtdaky "Aşgabat" kinoteatryna ýygnanyp, ýurduň medeniýet işgärleriniň ählisiniň, garaşsyzlygyň 20 ýyllygyny mynasyp garşylamak üçin, täze “Galkynyş we beýik özgertmeler” eýýamynyň ruhuna laýyk gelýän ýokary çeperçilikli eserleri döretjekdiklerini aýtdylar.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, ýygnakda çykyş edenler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde milli medeniýeti we halkyň ruhy galkynyşyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin zerur bolan şertleriň ählisiniň döredilýändigini belläpdirler.

Emma prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri döredijilik işärleriniň işinden nägile gürrüň edýär. Ýurt baştutanynyň 27-nji iýunda geçiren giňeldilen hökümet mejlisinde bellemegine görä, ýurtda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler sungat ussatlarynyň, ýazyjylaryň we publisistleriň, hudožnikleriň we kompozitorlaryň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Döredijilik wekillerinden näme islenýär?

Prezident Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasy, metbugat wekilleri bilen duşuşyklarynda eden gürrüňlerinden çen tutulsa, ol, bir tarapdan, ilhalar gazet-žurnallaryň, kino hem teatr eserleriniň, aýdym-sazlaryň döredilmegini isleýär, ikinji tarapdan bolsa, gazanylan üstünlikleriň has giňden we çeper beýan edilmegini isleýär.

Ýerli synçylar ilhalar eser döretmek bilen gazanylan üstünlikleri beýan etmek talabynyň bir ýere sygyşmaýandygyny, has dogrusy, bu talabyň döredijilik erkinligine ters gelýändigini öňe sürýärler.

Pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Orsýetde ýaşaýar we Türkmenistandaky döredijilik erkinliginiň beýleki postsowet ýurtlary bilen deňeşdirilende hem örän çäklidigini aýdýar. "Ilkinji şert olarda mümkinçilik bolmaly, azatlyk bolmaly, garaşsyzlyk bolmaly" diýip, ol garaşsyzlyk bolmadyk ýerinde döredijilik üstünligini gazanmagyň kyn boljagyny nygtady.

Aşgabatly ýazyjy Atageldi Garaýew orsýetli türkmen pedagogy Serdaryň bu pikiri bilen ylalaşýar we erkinlik bolmasa, awtoritarlykdan el üzülmese, diňe döredijilikde däl, beýleki işlerde hem üstünlik gazanmagyň kyn boljagyny aýdýar. Ol garaşsyzlyk ýyllarynda hususy neşirýat açyp, garaşsyz işlemäge, döretmäge synanyşan döredijilik adamlarynyň biri we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen hökümetiniň hususy neşirýatlar babatda eýelän pozisiýasynyň, bir tarapdan, ýazyjylaryň el-aýagyny baglap, ikinji tarapdan, halky kitapsyz diýen ýaly goýandygyny gürrüň berdi.

Ýazyjylar gara sanawdan dat edýärler

Azatlyk Radiosynyň telefon arkaly gürrüňdeş bolan döredijilik adamlarynyň aglabasynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda döwlet propagandasyny, bir adamyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmagy açyk goldamaýan döredijilik işgärleriniň Saparmyrat Nyýazow döwründe döredilen gara sanawy Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoňam, ýatyrylmandyr. Olar bu ýagdaýyň milli medeniýetiň ösüşine, halkyň aň-düşünjesiniň giňemegine ullakan bökdençlik döredýändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, 66 ýaşyndaky aşgabatly ýazyjy Esen Ataýew şol gara sanaw sebäpli öz ýazan zatlarynyň 1998-nji ýyldan bäri çykarylmaýandygyny, 13 ýyl bäri hiç ýere işe almaýandyklaryny, täze häkimiýetlere bäş gezek arza ýazandygyny, emma arzynyň diňlenmändigini aýtdy. Onuň pikirine görä, Türkmenistandaky gara sanawa ýa ýer astyndan yglan edilýän gadaganlyga esasan düýpli eserleri ýazýan ýazyjylar düşürilýär. Ataýew şeýle ýazyjylaryň azyndan 10-12 bardygyny gürrüň berdi.

Golaýda Orsýetde neşir edilýän "Družba narodow" žurnaly türkmen ýazyjysy Tirkiş Jumageldiýewiň bir eserini çap etdi. Emma, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Tirkiş Jumageldiýewiň eserleri Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri çap edilmeýär.

"Türkmen gazetlerinde meniň soňky çykyşym 1993-nji ýylyň tomsunda "Edebiýat we sungat" gazetinde çap edilen "Watan hakynda söz" diýen publisistik makalamdyr" diýip, T.Jumageldiýew aýtdy.

Orsýetde ýaşaýan türkmen pedagogy Serdar Orsýetde iliň okajak kitabyny ýazyp bilseň, serişdäň bolsa, ony çykarmakda uly bir kynçylygyň ýokdugyny aýdýar. Onuň pikiriçe, islendik ýurtdaky döredijilik azatlygy ol ýerdäki syýasy azatlygyň derejesi bilen bagly. Serdar Orsýetde oppozision partiýanyň wekili Boris Nemsowyň "Itogi" diýen at bilen Wladimir Putiniň ýurda ýolbaşçylyk eden döwrüni tankytlap, syýasy kitap ýazandygyny, emma beýle zady Türkmenistanda göz öňüne getirmegiň hem kyndygyny aýdýar.

Muňa garamazdan, türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, "Aşgabat" kinoteatrynda geçirilen maslahatyň soňunda medeniýet işgärleri milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa medeniýet we sungat pudagynyň ösmegine berýän ünsi üçin ullakan minnetdarlyk bildiripdirler.