Pakistanyň harby güýçleriniň radikallaşmagy

Pakistanyň 600 müň adamy, 100 müňlerçe ofiseri öz içine alýan goşuny we beýleki güýçleri tertip-düzgüni saklamak üçin, güýçli kontrollyk hem deňagramlylyk bilen dünýewi esaslarda guruldy.

Muhammad Akram Afridi özüniň gulluk eden 28 ýylynyň dowamynda Pakistan goşunynda bolan düýpli özgerişe şaýat bolupdyr. Pakistan harbylarynyň britan güýçlerinden asla tapawutlanmadyk döwri pensiýa çykan bu müňbaşynyň ýadynda.

Ol 1970-nji ýyllarda öz kärdeşleriniň açyk spirtli içgi içenini görende, geň galypdyr. Spirtli içgi gadagan edileninden soň hem bu iş öýlerde edilipdir.

Metjitleriň harbylaryň durmuşynda möhüm rol oýnamagy 1977-nji ýyldan 1988-nji ýyla çenli prezident bolup, ýurtda höküm süren general Muhammad Zia ul-Hakyň döwründe bolupdyr. Ol döwri ýatlap, Afridi şeýle diýýär: “Metjitleriň aktiwleşmegi Zianyň döwründe boldy. Ondan ozal adamlar metjide gatnamaga utanardy. Bu dünýewi medeniýetiň agalygy netijesinde akyl taýdan yza galaklyk hasaplanardy. Ýöne Zia geleninden soň, adamlar metjide guwançly gatnamaga başladylar”.

Köpler onlarça ýyl soňra harby güýçleriň yslama ýykgyn edip başlamagyna getiren zat general Zia ul-Hakyň hökümdarlygy döwründe dini prinsipler esasynda gurlan arabaglanyşyk diýip, pikir edýärler.

Aglaba synçylaryň pikiriçe, ýokary derejeli bir ofiseriň gadagan edilen bir yslamçy guramanyň yzyna eýermegi harbylaryň arasynda ýol alan radikalçylygyň subutnamasy.

Adamlary gorkuzman duranok

Brigada generaly Ali Han maý aýynyň başlarynda tutuldy. Ol gadagan edilen yslamçy gurama “Hizb-ut Tahrir” bilen aragatnaşyk saklanlykda aýyplanýar. Onuň adwokatlary bu aýyplamany ret etseler-de, ýadro ýaragly, syýasatda we ykdysadyýetde harbylaryň gepi ýöreýän bu ýurduň howpsuzlyk ýagdaýy adamlary gorkuzman duranok.

Pakistanyň 600 müň adamy, 100 müňlerçe ofiseri öz içine alýan goşuny we beýleki güýçleri tertip-düzgüni saklamak üçin, güýçli kontrollyk hem deňagramlylyk bilen dünýewi esaslarda guruldy.

Pensiýa çykan brigada generaly Asad Munir harby güýçleri gowşadaýjak her bir ösüşden harby aňtaw gullugyny ägä edän zadyň şu mehanizmlerdigini belleýär. Ýöne onuň aýtmagyna görä, harby diktator Zia ul-Hak tarapyndan girizilen üýtgetmeler bu mehanizmleri ysgyndan düşüripdir.

Zia ul-Hakyň syýasatyndan maksat Pakistanyň kanunynyň we jemgyýetiniň yslam häsiýetini güýçlendirmekdi. Ýöne ol soňra radikal yslamyň güýjemegine getirdi. Muniriň aýtmagyna görä, ýaragly güýçleriň ýolbaşçylary Zia ul-Hakyň girizen üýtgetmelerini aradan aýyrmaga synanyşypdyrlar. Radikallaşma harbylary aladalandyrypdyr. Ýöne Munir: “Olar Pakistan jemgyýetiniň içinde hususy jyhadçylaryň sanynyň artmagyna kontrollyk edip bilenokdylar” diýýär.

Soň düşündiler

Munir 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň, harby ýobaşçylaryň Pakistandaky yslamçy söweşijilerden ýurda nähili howplaryň abanýandygyna düşünendigini, olaryň öňüni almak üçin ak ýürekden tagalla edýändiklerini aýdýar: “Harbylar indi 1980-nji ýa 1990-njy ýyllar däldigini duýýarlar. Indi tutuş dünýä Pakistana seredýär. Dünýäniň niresinde bir terrorist tutulsa, ol Pakistan bilen baglanyşykly. Şeýlelikde, olar indi bu syýasaty dowam etdirip bilenoklar. Harbylar jyhadçylary saklajak bolsalar-da, halkara derejesinde gysyş astyna düşüp, bu elementlerden el üzerler”.

Ýöne yslamyň ady bilen gurlan bir ýurtda beýle iş aňsat däl. General Ahiýan Gul Hattak Pakistanda harby medeniýetiň yslamlaşmagyny görüp, begenen ofiserleriň biri: “Amerika garşy duýgular, elbetde, bar. Biz: ‘Amerika bir ägirt güýç, ýöne bu onuň Owganystanyň, Liwiýanyň ýa Saud Arabystanyň işlerine garyşmagyny aňladanok’ diýýäris. Olar Pakistana parazit ösümlik ýaly sokulyp gelýärler”.

Pakistanly öňki brigada generaly Saad Muhammad bolsa bu pikire goşulanok. Ol: “Pakistanyň harby güýçleriniň içindäki radikalçylygyň özeni anti-amerikanizm däl” diýýär. Ol geljege umytly garap, halkyň indi harbylaryň roluny tankytlamagynyň gitdigiçe artýandygyny belleýär.

Saad Muhammad: “Bu iň soňunda harbylara graždanlaryň kontrollyk etmegine getirer. Graždan we harby ýolbaşçylar halk tarapyndan bolýan gysyşy uzak wagtlap ret edip bilmezler. Adamlar indi sorag berip, jogap talap edýärler” diýip, öz pikirini mälim edýär.