Belarusyň paýtagty Minskide we ýurduň beýleki şäherlerinde çarşenbe güni giçlik geçirilen demonstrasiýalarda tussag edilen 150 töweregi adamyň üstünden sud diňlenişikleri başlandy.
Minskide bäş aktiwiste huligançylykda aýyplama bildirilip, 10 günden 15 güne çenli türme tussaglygy berildi. Salihorsk şäherinde dört aktiwist, şol sanda atasy bilen iki ogul, 6 günden 15 güne çenli türme tussaglygyna höküm edildi. Başga-da onlarça aktiwiste pul jerimesi salyndy. Şeýle-de munuň bilen baglylykdaky beýleki sud diňlenişikleri öňümizdäki hepdede geçiriler.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton, Wengriýanyň parlamentinde çykyş edip, eýýäm demokratiýany ornaşdyran döwletler “Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ýaňy özgerip başlaýan demokratiýalar bilen özleriniň tejribelerini paýlaşmalydyrlar. Şeýle-de olar Belarusda, Liwiýada we dünýäniň beýleki künjeklerinde köçelere çykýanlara öz raýdaşlyklaryny görkezmelidirler” diýip, belledi.
Budapeştdäki çykyşyndan soň Hillary Klinton Litwanyň paýtagty Wilnýusa gitdi. Geçen hepde Amerikanyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Maýkl Pozner öz çykyşynda Hillary Klinton Wilnýusda geçirjek gepleşikleriniň dowamynda ýewropa ýurtlaryny Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukoşenkonyň hökümetine basyşy artdyrmaga çagyrjakdygyny aýdypdy.
Bu demonstrasiýalaryň bäşinji hepdesidir. Protesti gurnaýjylar her hepdäniň çarşenbe güni Lukoşenkonyň awtoritar hökümetine garşy protestleri geçirmäge çagyrýarlar. Şeýle-de şu hepdäniň ýekşenbe güni, Belarusyň Garaşsyzlyk günine gabatlanyp, uly ýörişiň geçirilmegine garaşylýar.
Belarusdaky syýasy dartgynlylyk, ýurduň häzir ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady çökgünliginden hem barha ýitileşýär. Maliýe krizisiniň fonunda adaty belaruslylar pullary üýşürmäge we esasy azyk-harytlary toplamaga başladylar.
Çarşenbe güni Orsýet Belarusyň öz bergisini wagtynda tölemeýändigini aýdyp, bu ýurda satýan elektrik energiýasyny kesipdi. Orsýetiň «Inter RAO UES» elektrik korporasiýasynyň metbugat wekili Belarusa eksport edilýän elektrik energiýasynyň ýakynda täzeden berlip başlanmagynyň mümkindigini aýtdy.
Çarşenbe güni Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň eýeçiligindäki NTW telekanaly Lukaşenko garşy geçirilýän protestler barada dokumental film görkezipdi. Onda, hususanda, şeýle epizodlar getirilýär: “Minskiniň köçelerine oppozisionerler däl, eýse adaty raýatlar çykýar. Olar şygarlary ýaňlandyranoklar, syýasy talaplary öňe sürmeýärler. Adamlar Belarusda ýaşamaga serişdeleriniň galmandygy üçin köçelere çykýarlar”.

Çarşenbe güni Minskide geçirilen demonstrasiýalarda 1,000 töweregi adam köçelere çykdy.
Çarşenbe güni Belarusda geçirilen demonstrasiýalarda 1,000 töweregi adam köçelere çykyp, özleriniň nägileligini, hiç bir şygarsyz, diňe el çarpyşmalar bilen bidiripdiler. Ýurduň polisiýasy köçeleri ýapyp, protestçileriň ýörişini böwetlemek ýaly çäreler bilen demonstrasiýanyň öňüni almaga taýýarlyk görüpdi.