Türkmenistan Sudanyň prezidenti Omar al-Başiriň uçaryny üstünden geçirmedi

Türkmenistan prezident Omar al-Başiriň uçaryna beren başky rugsadyny soňky pursatda ýatyrdy diýlip, habar berilýär.

Hepdäniň duşenbe güni Hytaýa sapara barmaly Sudanyň prezidenti Omar al-Başir öz saparyny bir gün yza süýşüripdi. Soňky maglumatlara görä, onuň ýolda saklanmagyna Türkmenistan sebäp bolupdyr.

Halkara sudy 2008-nji ýylda Sudanyň prezidenti Omar al-Başiri ýurduň Darfur regionynda parahat ilatyň köpçülikleýin gyrylmagy bilen baglanyşykly wakalarda aýyplap, ony ynsanýete garşy jenaýat etmekde günäli tapypdy we onuň tussag edilmelidigi barada höküm çykarypdy.

Sudanyň hökümeti tarapyndan talabalaýyk gorag astyna alynmadyk şol Darfur regionynda amala aşyrylan ýaragly hüjümlerde şu günki güne çenli parahat ilatdan 300 müň töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao (çepde) Sudanyň prezidenti Omar al-Başir bilen duşuşýar, Pekin, 29-njy iýun.
Halkara sudunyň 2008-nji ýylda çykaran şol höküminden soň, prezident Omar al-Başir özüniň daşary ýurtlara edýän saparlaryny görnetin çäklendirmäge mejbur bolupdy. Emma, beýleki tarapdan, Halkara suduna agza däl ýurtlaryň köpüsi şu çaka çenli ony tussag etmekden ýüz öwrüp gelýärler. Şeýle ýurtlardan birem Hytaý.

Sudan bilen ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyk saklap gelýän Hytaýyň häkimiýetleri şu hepde prezident Omar al-Başiri resmi sapara çagyrdylar. Hytaýyň häkimiýetleriniň bu çakylygyna käbir günbatar ýurtlary we ynsan hukuklaryny goraýjy köp halkara guramalar ýiti reaksiýa bildirdiler hem-de muny tankytladylar.

Bu wakanyň fonunda bolsa, Sudanyň prezidentiniň Hytaýa saparynyň bir gün yza süýşürilendigi mälim boldy.

Hepdäniň ýekşenbe güni Eýranyň paýtagtynda terrorizm meselelerine bagyşlanylyp geçirilen halkara konferensiýa gatnaşan Sudanyň prezidenti duşenbe güni Tährandan Pekine barmalydy. Emma, habar agentlikleri prezident Omar al-Başiriň uçarynyň Türkmenistanyň we Täjigistanyň üstünden geçmegine ýol berilmänsoň, onuň öz uçuş ýoluny üýtgedip, Hytaýa bir gün giç barmaly bolandygyny habar berdiler.

Sudanyň parlamenti ýazgardy

Düýbi Parižde ýerleşýän «Sudan Tribune» neşiri eýýäm hepdäniň sişenbe güni Sudanyň parlamentiniň Türkmenistan bilen Täjigistanyň bu hereketini ýazgarandygyny we bu iki ýurdy Birleşen Ştatlaryň basyşyna boýun bolanlykda aýyplandygyny habar berdi.

«Sudan Tribune» neşiriniň Sudanyň bir ýokary derejeli diplomatik çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, bu wakada Türkmenistan prezident Omar al-Başiriň uçaryna beren başky rugsadyny soňky pursatda ýatyrypdyr we munuň sebäbini «garaşylmadyk tehniki» sebäpler bilen baglanyşdyrypdyr.

Maglumata görä, Türkmenistan tarapynyň prezident Omar al-Başire Owganystanyň üsti bilen uçmaklygy maslahat berendigine garamazdan, Sudanyň prezidenti bu maslahata eýermek islemändir.

«Sudan Tribune» neşiri munuň sebäbini Sudanyň prezidentiniň Owganystanyň üstünden uçan halatynda öz uçarynyň ol ýerdäki NATO güýçleri tarapyndan ýere düşürilip, özüniň tussag edilmeginden howatyr edendigi bilen düşündirýär.

Maglumata görä, Täjigistanyň häkimiýetleri hem şol gün prezident Omar al-Başiriň uçarynyň geçjek ugrunda harby-howa türgenleşikleriniň geçirilýändigine salgylanmak bilen, onuň uçuşyna beren ozalky rugsadyny ýatyrypdyrlar.

Hepdäniň sişenbe güni Sudanyň parlamentiniň spikeriniň orunbasary Hago Gism al-Siid Sudanyň prezidentiniň uçarynyň Pakistanyň üsti bilen Pekine geçmegine mümkinçilik döredendikleri üçin Pakistanyň häkimiýetlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.