Gresiýada tygşytlaýyş plany kabul edildi

Grek parlamentinde çarşenbe güni geçirilen ses berişlikde, Afiny.

Gresiýada çarşenbe güni geçirilen ses berişligiň netijelerini premýer-ministr Jorj Papanderounyň sosialist partiýasynyň ýeňşi hökmünde häsiýetlendirip bolar. Papanderounyň partiýasy ýurduň 300 orunlyk parlamentinde özüniň 155 orny bilen orunlaryň köpçüligini eýeleýär.

Kanunçykaryjylar 17 sesiň artykmaçlygy bilen täze, bäş ýylyň dowamynda amala aşyryljak tygşytlaýyş çäreleriniň planyny kabul etdiler. Bu plan 28 milliard ýewro möçberinde çykdajylary azaltmak, salgytlary artdyrmak, şeýle-de hökümetiň eýeçiligindäki serişdeleri satmak ýaly çäreleri öz içine alýar.

Çarşenbe güni kabul edilen berk ykdysady çäreleriň nädip amala aşyryljakdygy baradaky ses berişlik şu gün geçirilýär.

Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy Gresiýa jemi 110 milliard ýewro möçberinde kredit bermekligi göz öňünde tutýar. Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy Gresiýa beriljek karzlar bilen baglanyşykly ýurtda salgytlaryň ýokarlandyrylmagy we tölegleriň azaldylmagy ýaly çäklendiriji düzgünleriň girizilmegini talap edýär.

Eger-de Gresiýa bu pullary almagy başarmasa, onda Afinynyň ýurduň halkara bergilerini üzmek üçin puly gutarýar.

Afinyda geçirilen protestler mahalynda, 29-njy iýun.
Emma bu çäreler ýurtda ýiti närazyçylyk bilen garşylanýar. Çarşenbe güni Afinyda Maliýe ministrliginiň binasyna hüjüm eden protestçileri dargatmak üçin, ýurduň polisiýasy olara garşy göz ýaşardyjy gazy ulandy.

Berilýän habarlara görä, polisiýa parlament binasynyň daşynda çadyrlary dikip oturan parahat demonstrantlara garşy hem hüjüm edipdir.

Protestçileriň aýtmagyna görä, täze tygşytlaýyş çäreleri onsuzam horlukda ýaşaýan halkyň ýagdaýyny has-da ýaramazlaşdyrar.

Tanasis Didagelos atly demonstrant öz duýgularyny beýan edip, “Reuters” habarlar gullugyna şeýle diýdi: “Grek halky bilen hökümetiň düzüminde oturanlaryň arasynda juda uly aratapawut bar. Grek halky demonstrasiýa çykýar. Men özüm Tessalonikiden geldim. Men ol ýerde çaga lukmany bolup işleýärin. Täze hödür edilýän tygşytlaýyş çäreleri hut meniň özüme uly täsirini ýetirmese-de, men bu ýere öz çagalarym, öz ýurdumyň geljegi üçin geldim”.

Täze tygşytlaýyş çäreleriniň adamlaryň aýlyklaryny peseltjekdigi, salgytlary artdyrmak ýaly oňaýsyzlyklary döretjekdigi sebäpli, ilatyň 80% töweregi bu çärelere garşy çykýar.