Orsýetiň paýtagty Moskwada 28-nji iýunda açylyp, 3-nji iýula çenli dowam edýän ýubileý sergisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýar. 2005-nji ýyldan bäri GDA-nyň assosirlenen agzasy bolan Türkmenistan hem bu çärä gatnaşýar.
“GDA-nyň 20 ýyllygy: täze gözýetimlere tarap” atly döwletara sergisiniň gidişinde ykdysady duşuşyklar we medeni çäreler hem geçirilýär. Olaryň arasynda 29-njy iýunda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Türkmenistanyň güni GDA-nyň ýubileý sergisiniň ikinji gününe gabat geldi. Moskwanyň öňki WDNH, hazirki WWS, ýagny Bütinorsýet sergi merkezi atly sergi kompleksiniň 75-nji pawilýony döwletara sergisine baranlary türkmen aýdymçylarynyň konserti bilen garşylady.
19 ýyl mundan öň Türkmenistandan göçüp gaýdan Larisa Dobrýakowa Azatlyk Raidosy bilen söhbetdeş boldy. Ol Türkmenistany oz watany diýip atlandyryp, türkmen aydymlarynyň özüni tolgundyrýanlygyny aýtdy.
Sergä baranlar GDA-nyň ýubileý sergisindäki Türkmenistanyň ekspozisiýasynda dokma-senagat önümleriniň nusgalaryna, halylara we saý-seplere has köp üns berdiler. Türkmen kärhanalarynyň we hususy telekeçileriniň köpçülige teklip edýän dokma-senagat önümleri we elde işlenen harytlary gowy hili we bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar.
Azatlyk Radiosy bilen ikiçak söhbetdeş bolan telekeçiler harytlarynyň zähmetine garanda arzan bahadan satylmagyna harytlary alyjylara ýetirmek meselesindäki kynçylygyň sebäp bolýanlygyny aýtdylar.
Keteniden tikilen ýaglygy satyn alan Natalýa serginiň we Türkmenistandan getirilen önümleriň özünde galdyran täsiri barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bu sergi halklar arasyndaky dostlugy dikeltmäge mümkinçilik döredýän seýrek bir wakadyr. Türkmen harytlary barada aýdylanda bolsa, şunça owadan zatlaryň kiçijik bir ýerde jemlenmegi mümkindir diýip, men oň hiç pikir etmeýärdim”.
Dürli çäreler geçirildi
Nebit-gaz pudagy we Awaza milli syýahat zonasy barada maglumat berýän stendler Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň uly bölegini eýeledi. Milli neşir önümleriniň arasynda bolsa Türkmenistanyň prezidentiniň kitaplary we çagalar uçin kitaplar agdyklyk edýär.
Günüň başynda türkmen aýdymçylarynyň döredijiligi bilen başlanan konsert GDA-nyň beýleki agza ýurtlarynyň aydym-sazlary bilen dowam etdirildi.
GDA-nyň ýubileý sergisiniň çäginde medeni çarelerden başga ykdysady we biznes çereleri, şol sanda guramanyň ykdysady geňeşiniň 50-nji maslahaty geçirildi.
Guramaçylaryň sözlerine görä, ýubileý çäreleriň maksady gurama agza döwletleriniň döwre laýyk we inwestisiýalara gönükdirilen pozitiw imijini döretmekden we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.
GDA guramasynyň ýubileý çärelerine Merkezi Aziýa döwletlerinden diňe Özbegistan gatnaşmaýar.