Türkmenistanda mugt benziniň talony berlip ugrady

Aşgabadyň köçelerinde, 2010-njy ýyl.

Türkmen metbugatynyň beren habaryna görä, 27-nji iýundan Türkmenistanda 2011-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin hususy awtoulagy bolan graždanlara degişli bank edaralary arkaly mugt benziniň talony berlip ugrapdyr. Ýurtdan gowuşýan habarlarda şol talony almakda raýatlaryň ençeme kynçylyklary başdan geçirýändigi, netijede, şol talony alyp bilmän galýanlaryň bardygy bellenýär.

“Şol päsgelçilikler nämelerden ybrat?” diýen soragy Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýewe berdik.

Osman Hallyýew: Hususy ulag eýeleriniň öňündäki iň uly kynçylyk ulag serişdeleriniň abatlygy, tehniki howpsuzlyk boýunça kemçiliginiň ýokdugy baradaky kepilnamany, ýagny guratlyk hatyny almak. Ol hat polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugy, özem onuň welaýat bölümleri tarapyndan berilýär. Olar bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna dahyly bolmadyk kemçilikleri – kuzowyň sähelçe ýemşerilen ýa reňkiniň öçügsiräk ýeri, gopan ýeri bar bolsa-da, oňa guratlyk hatyny berenoklar. Netijede soňky ýyllar daşary ýurtlarda çykarylan maşynlaryň eýeleri şol dokumenti alýarlar, “Moskwiç”, “Žiguli” kysymly köne ulaglary bolanlar bolsa şol arzyly kagyzy alyp bilenoklar.

Azatlyk Radiosy: Osman, ulag eýelerine şeýle berk talaplaryň bildirilmegi gowy dälmi? Eger ulaglar hakykatdan-da gurat bolsa, ol ýollarda dürli awtomobil-transport heläkçilikleriniň azalmagyna getirmezmi?

Osman Hallyýew: Ol dogry. Ýöne başda aýdyşym ýaly, ulaglaryň daşky abatlygyna, reňkiniň täzeligine köpräk üns berlip, hereket howpsuzlygy bilen bagly tehniki talaplar ünsden düşürilýär. Mysal üçin, ulaglaryň gije ýoly ýagtyldýan çyralarynyň diňe ýanyp-ýanmaýandygy gözden geçirilip, şol çyralaryň näçe metr aralygy yşyklandyrýandygy, garşydan gelýän ulagyň sürüjisiniň gözüni gamaşdyryp-gamaşdyrmaýandygy barlanmaýar. Netijede köçe-ýol hadysalarynyň köpüsi gijelerine ýüze çykýar.