Halkara Jenaýat sudy Kaddafini tussag etmek barada höküm çykardy

Halkara Jenaýat sudunyň sülçüleri täze kanun bozmalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin jenaýatda güman edilýän üç şahsyň tizden-tiz tussag edilmelidigini öňe sürdüler.

Duşenbe güni Halkara Jenaýat sudy Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini tussag etmek barada höküm çykardy.

Kaddafi şu ýylyň fewralynda öz režimine garşy başlanan gozgalaňy hökümetiň gazaply basyp ýatyrandygy sebäpli, ynsanýete garşy jenaýatda hem-de parahat ilatyň garşysyna hüjüm etmäge görkezme berenlikde günäli tapyldy.

Sudýa Sanji Monageng Halkara Jenaýat sudunyň Kaddafiniň, onuň ogly Seýf al-Islamyň we ýurduň razwedka gullugynyň başlygynyň tussag edilmeklerini maksat edinýändigini aýtdy.

“Muammar Kaddafi özüniň golaý-goltumyndakylar, şol sanda Seýf al-Islam Kaddafi bilen birlikde režime garşy parahat graždan demonstrasiýalary ähli serişdeler bilen saklamak boýunça plan işläp düzdi we olar bu plany bilelikde durmuşa geçirdiler” diýip, sudýa Monageng Gaagada çykyş etdi.

Liwiýanyň razwedka gullugynyň başlygy Abdullah al-Senussi oppozisiýanyň wekillerini yzarlamakda we öldürmekde günäli tapyldy.

Halkara Jenaýat sudunyň sülçüleri delilleriň ýok edilmeginiň hem täze kanun bozmalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin jenaýatda güman edilýän bu üç şahsyň tizden-tiz tussag edilmelidigini öňe sürdüler.

Liwiýadaky protestler

Liwiýadaky protestler Müsürde we Tunisde ýüze çykan gozgalaňlaryň mysalynda döräpdi. Müsürdäki we Tunisdäky protestler netijesinde şol ýurtlaryň ikisiniň hem liderleri häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Suduň çykaran höküminden soň, pitneçeleriň Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abel Jalil Bengazide çykyş etdi: “Halkara Jenaýat sudunyň çykaran hökümi Muammar al-Kaddafini goramak ýa-da onuň bilen gepleşikleri geçirmek baradaky taslamalary we inisiatiwalary manysyz ýagdaýa getirýär”.

Halkara Jenaýat sudunyň karary entek çykmanka, 26-njy iýunda, Liwiýa hökümetiniň metbugat wekili Moussa Ibrahim çykyş edip, Tripoliniň bu suduň hökümini ykrar etmeýändigini aýdypdy. Kaddafi bolsa ol suduň hökümine hiç haçan boýun bolmajakdygyny söz berýär.

Halkara Jenaýat Sudunyň çykaran kararyny goldanlaryň arasynda Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag hem bar. Ol suduň höküminiň “mundan beýläk hem Kaddafiniň kanunylygyny ýitirendiginiň we onuň dessine häkimiýetden gitmelidiginiň sebäplerini düşündirýändigini” aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen hem suduň kararyny goldap, “munuň NATO-nyň Liwiýada geçiriýän missiýasynyň esaslaryny güýçlendirýändigini” aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoria Nuland hem suduň netijesi “Kaddafiniň häkimiýetden çetleşmegine wagtyň bolandygyny görkezýär” diýdi.