Merkezi Aziýada ykdysady we sosial howpsuzlyk ýagdaýlary

Hasabatda Gyrgyzystanda geçen ýyl halk çykyşlarynyň netijesinde Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden gitmegi bilen syýasy, ykdysady we sosial ýagdaýlarda-da uly özgerişlikleriň bolup geçendigi bellenilýär.

Düýbi Finlýandiýada ýerleşýän «Pan-European Institute» atly barlaglar merkezi şu hepde ozalky Sowet giňişligine degişli regionlardaky ykdysady we sosial howpsuzlyk ýagdaýlary barada hasabat ýaýratdy.

Bu hasabatda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýagdaýlara-da aýratyn üns berlipdir. «Pan-European Institute» ykdysady we sosial howpsuzlyk meselesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her birindäki ýagdaýyň özboluşlydygyna ünsi çekýär.

Hususan-da, ol Täjigistanda işsizligiň ýokary derejesi bilen birlikde, azyk önümleriniň bahasynyň soňky birnäçe aýyň dowamynda 30 prosent töweregi ýokarlanandygyny, elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň bu ýyl hem dowam edendigini, ýurtda ýangyç önümlerine-de uly ýetmezçilikleriň bardygyny belleýär.

Hasabatda Gyrgyzystanda geçen ýyl halk çykyşlarynyň netijesinde Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden gitmegi bilen syýasy, ykdysady we sosial ýagdaýlarda-da uly özgerişlikleriň bolup geçendigi bellenilýär.

Syýasy özgerişlikleriň hatarynda bu barlaglar merkezi Gyrgyzystanyň Orsýet bilen gatnaşyklarynda belli bir ýakynlaşmalaryň göze ilýändigini aýdýar.

Emma, beýleki tarapdan, hasabatda serhet goraglary we terrorizme garşy göreş meselesinde şu ýylyň martynda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň Waşingtona sapary wagtynda ABŞ-dan ýardam sorandygyna-da ünsi çekýär.

«Pan-European Institute» barlaglar merkeziniň bu hasabatynda Gazagystanyň Merkezi Aziýa regionynda ykdysady we sosial taýdan iň bir durnukly ýurt hasaplanylýandygy bellenilipdir.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, şu ýylyň maý aýynda bu ýurduň iki sany dürli şäherinde, milli howpsuzlyk edarasynyň ýanynda bomba partlamalarynyň amala aşyrylandygy aýdylyp, partlamalaryň biriniň janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyna üns çekilýär.

Gazagystanyň häkimiýetleriniň bu partlamalary terrorizm bilen baglanyşdyrmandyklaryna garamazdan, hasabatda bu wakalaryň ekstremistik tendensiýalar baradaky aladalary artdyrandygy aýdylýar.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň analitigi, Merkezi Aziýa regiony boýunça bilermen Brýus Pannier «Pan-European Institute» merkeziniň hasabatynda Merkezi Aziýa regionynyň ilatynyň arasynda ösýän nägilelikleriň ýerlikli bellenendigini aýdýar.

«Hasabatda-da bellenilişi ýaly, meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisine mahsus esasy problemalardan birem bu ýurtlaryň häkimiýetlerine bolan ilatyň nägilelikleriniň artmagydyr. Bu ýurtlardan hiç birem göze ilerlikli öňe hereket etmeýän ýaly görünýär» diýip, Brýus Pannier belleýär.

Hytaýyň täsiri

«Pan-European Institute» barlaglar merkeziniň hasabatynda Merkezi Aziýa regionynda soňky wagtlar göze ilýän esasy tendensiýalardan biri hökmünde bu regionyň ykdysady pudagynda Hytaý Halk Respublikasynyň artýan täsirleri-de görkezilipdir.

Aýratynam, hasabat soňky wagtlar Hytaýyň Özbegistan bilen Türkmenistanyň energiýa pudagyna uly inwestisiýalary ýatyrýandygyna ünsi çekýär.

Merkezi Aziýa regiony boýunça bilermen Brýus Pannier Hytaýyň bu regionda özüne ýol açmagynyň sebäbini onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleriniň syýasatyna goşulyşmaýandygy we, şonuň bilen birlikde-de, onuň ykdysady sektorlara maýa ýatyrmaga mümkinçiliginiň bardygy bilen düşündirýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilatynyň syýasy we sosial durmuşynda boljak özgermeler bu ýurtlara Hytaýyň ýa Orsýetiň haýsysynyň täsir etjekdigine bagly bolup bilermi? Bu soraga Brýus Pannier: «Ýok, meniň pikirimçe özgerişlikler asla bu meselä bagly däl. Merkezi Aziýanyň hökümetlerini diňe öz proýektleri we gurjak truboprowodlary üçin beriljek pul gyzyklandyrýar. Bu proýektler üçin berilýän pul bolsa, adaty ilata barmaýar. Beýleki tarapdan, Sowet häkimiýeti ýyllarynda Orsýet bilen emele gelen ýakynlaşmalar sebäpli, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty Orsýet bilen hyzmatdaşlyklaryň ösmegine has hoşal bolarlar diýip pikir edýärin» diýip, jogap berdi.

«Pan-European Institute» barlaglar merkezi öz hasabatynda Türkmenistanyň uly gaz zapasyna eýelik edýändigini belläp, onuň bu energiýa resurslarynyň regiondaky energiýa howpsuzlygyny gowulandyrmakda-da möhüm rol oýnap biljekdigini öňe sürýär.

Emma analitik Brýus Pannier ilat arasyndaky nägilelikleriň güýçlenmezligi üçin ýurduň häkimiýetleriniň energiýa resurslaryndan gelýän baýlyklary halkyň bähbidi üçin ulanmak babatda-da alada etmelidiklerini nygtady.