Obalarda ýaşaýyş-durmuş şertleri

Oba ýaşaýjylary üçin iň bir zerur, gerekli zat bolan — sandan çykan elektrik liniýalarynyň, transformatorlaryň täzelenmegi, agyz suw meselesi boýunça ýetilen sepgitler adamlary kanagatlandyranok.

Türkmenistanyň prezidentiniň «Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça» milli maksatnamasyna laýyklykda ýurtda birnäçe işler amala aşyrylýar.

Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze etraplar döredilip, ol ýerlere ýaşaýjylaryň göçüp barmaklary üçin käbir şertler döredildi. Esengulynyň etrap merkezi täze durka getirildi. Ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket etrabynyň etrap merkezinde hem birnäçe gurluşyklar amala aşyrylyp, düýpli özgertmelere başlandy. Käbir etraplarda dokma we ýüplük fabrikleri guruldy.

Ahal welaýaty boýunça amal edilýän işleriň aglabasy Ruhabat etrap merkeziniň, Babarap, Yzgant obalarynyň paýyna düşýär.

Şeýle-de bolsa, döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçmeginde köp bökdençlikler dowam edýär.

Gökdepe etrabyndan kärendeçi Orazyň aýtmagyna görä, 4 ýyl mundan ozal, obalaryň sosial we medeni durkuny gowulandyrmak üçin, ýurt baştutanynyň döwlet gaznasyndan 4 million amerikan dollaryny göýberýändigi baradaky habardan soň, oba ýaşaýjylary obalarda düýpli özgertmelere garaşypdyr.

Infrastruktura

Oba ýaşaýjylary üçin iň bir zerur, gerekli zat bolan — sandan çykan elektrik liniýalarynyň, transformatorlaryň täzelenmegi, agyz suw meselesi, ýollaryň durkunyň täzelenmegi, täze mekdep jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, saglyk öýleriniň gurulmagy, obalaryň doly gazlaşdyrylmagy ýaly işler boýunça ýetilen sepgitler adamlary kanagatlandyranok.

Etrap merkezleriniň, obalaryň giňelýändigine seretmezden, 1990-njy ýyllardan soňky bölünip berlen mellek ýerlerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary suwdan, elektrik togundan, gazdan, ýollaryň ýaramazlygyndan, hatda mekdepdir saglyk öýleriniň ýetmezçiliginden kösenýärler.

“Ýurduň haýsy welaýatlaryna göz aýlasaň, ýagdaý bir meňzeş. Uzak aralykdaky etraplara ýoluň düşse, öz obaň ýagdaýyna şükür edeniňi duýman galýarsyň” diýip, gökdepeli kärendeçi Oraz aýdýar.

Gökdepäniň ozalky Telman adyndaky, häzirki Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi Aşgabat — Türkmenbaşy magistral ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Obanyň ýaşaýjylarynyň arasynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bölünip berlen mellek ýerlerinde jaý gurunmaga gurbaty çatman oturanlar kän.

Düşnüksiz düzgünler

Gurplurak hojalyklardan täze tipli jaýlary gurup, ýaşap oturanlary hem az däl. Ýöne sosial ýagdaýlary pes hojalyklar, wagtlaýyn gurlan jaýlarda ýaşaýarlar.

Etrabyň ýolbaşçylarynyň näme maksady niýetlerine düwendikleri belli däl, emma soňky ýylda oba ýaşaýjylaryna azar berip başladylar. Wagtlaýyn jaý guranlara “Bu jaýyň obanyň görküni bozýar, ýyk” diýip, görkezme berseler, täze tipli jaý gurnanlara “Beýle jaý gurunmaga serişdäni nireden aldyň, jaýyňy aýyr” diýip, görkezme berýärler. Hiç bir jaý gurnup bilmedik hojalyklara bolsa, mellek ýerlerinde hiç bir gurluşyga başlamaly däldigi barada duýduryş berilýär.

Bu duýduryşlaryň aňyrsynda näme maksat bar, ol görkezmeler kimden çykýar - ýönekeý halk bu zatlar barada hiç bir zat bilmeýär.

Döwlet tarapyndan 30 ýyllyk möhlet bilen ýeňillikli karzlaryň hasabyna gurulýan jaýlar bolsa ilatyň islegini doly kanagatlandyryp bilmeýär. Ýa gurluşykçylar bökdençlik tapýar, ýa ilatda ilkinji goýumlary tölemäge ýagdaý ýetenok.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.