Obama Owganystandan goşun çykarmak planlaryny yglan eder

Owganystanly esgerler Kabuldaky harby howa bazasyna barýarlar, 2011-nji ýylyň 27-nji apreli.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň şu gün etjek çykyşynda Amerikanyň Owganystandaky urşa gatnaşygyny azaltjakdygyny aýtmagyna garaşylýar. Obama özüniň çykyşynda müňlerçe amerikan esgerini Owganystandan yzyna – öz ýurduna getirmek boýunça plany yglan eder.

Bu çykyşyny prezident Obama şu gün Waşingtonda eder. Ertir bolsa ol Fort Drum harby bazasyna barar. Bu ýerde 10-njy dag-pyýada goşun diwiziýasy ýerleşýär. Bu diwiziýanyň düzüminden Yraga we Owganystana ýygy-ýygydan harbylar ugradylýar.

Häzir esasy üns indiki aý Owganystandan näçe amerikan esgeriniň çykaryljakdygyna gönükdirilen hem bolsa, esasy meseleleriň biri iýuldan soňky ýagdaýlarydyr. Hususan-da, Birleşen Ştatlaryň 2009-njy ýylda Owganystana ugradan 30,000 esgeriniň ol ýerde ýene näçe wagtlap galjagydyr.

Çaklamalara görä, Obama köpçülige ýüzlenende, birinji nobatda şol 30,000 esgeriň çykarylmagy boýunça plany hödürlär. Ýöne bu esgerler 8-12 aýyň dowamynda köp-köpden çykarylmalymy ýa-da, tersine, has uzak wagtyň dowamynda az-azdan öz ýurduna dolanmalymy diýen sorag möhüm.

Harby komandirler Owganystanda esgerleri mümkingadar köp wagtlap saklamak isleýärlär. Olaryň aýtmaklaryna görä, esgerleriň birbada uly bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy “Talyban” bilen söweşde gazanylan howpsuzlyga zeper ýetirmegi mümkin.

Mümkinmi?

Waşingtonda ýerleşýän Demokratiýany goramak boýunça fonduň harby analitigi Sebastian Gorka 2014-nji ýylda Owganystanyň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini ýerli güýçlere geçirmek barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Eger-de gürrüňi edilýän territoriýanyň giňligine, koalisiýanyň düzümindäki güýçlere, şeýle-de Hamid Karzaýyň hökümetiniň düzümindäki ýa-da potensial güýçlerine seredilse, onda muny amala aşyrmakdan entek daşdadygymyzy görmek bolýar”.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts esgerleriň ilkinji çykarylyşynyň “çäklendirilen” ýagdaýda amala aşyrylmalydygyny aýdypdy.

“Owgan halky iki möhüm zady ýadynda saklamalydyr: birinjiden-ä, Amerika ýa-da biziň koalisiýadaky ýaranlarymyz öz güýçlerini belli bir wagtyň içinde çykarsa-da, Owganystan bilen uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygymyz dowam eder. Biz Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmäge, enjamlaşdyrmaga we olara goldaw bermäge dowam ederis. Şeýle-de hökümetiň öz raýatlarynyň hal-ýagdaýlaryny gowulandyrmak ugrunda edýän tagallalaryna elimizden gelen kömegi ederis. Gysgaça aýdylanda, biz galagop ýagdaýda esgerleri çykarmarys” diýip, Geýts şu aýyň başynda Kabula eden saparynyň dowamynda aýtdy.

Emma Obamanyň käbir maslahatçylary iýul aýynda ep-esli sanda esgerleriň çykarylmagyny we bu çäräniň soňky aýlarda-da dowam etdirilmegini goldaýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, Owganystanda gazanylan üstünlikler, Osama bin Ladeniň öldürilmegi, şeýle-de “Al-Kaýda” toparynyň köp baglanşyklarynyň kesilmegi ýaly netijeler prezident Obama şu ýylyň dowamynda köp sanly esgerleri Owganystandan çykarmaga mümkinçilik berýär.