Britaniýa öz graždanlaryny Siriýany terk etmäge çagyrýar

Siriýanyň hökümet goşunlary Ýisr al-Şugur şäherinde, 15-nji iýun.

Beýik Britaniýa öz graždanlaryny häzirlikçe hereket edýän kommersiýa reýsleri ulanmak bilen eglenmezden Siriýany terk etmäge çagyrdy.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi, eger ýurtda zorluklar güýçlense, Damaskdaky ilçihananyň britan raýatlaryny alyp çykyp bilmezliginiň mümkindigini duýdurdy.

Şenbe güni tanklaryň we bronlanan tehnikanyň kömegi bilen Siriýada hökümet goşunlary ýurduň demirgazygynda Türkiýe bilen serhede golaý ýerleşýän uly bolmadyk Bdama şäherine girdi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatynda birnäçe jaýyň ýakylandygy, 70 adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Bdama ýakynda hökümet goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasynda çaknyşyk bolan Ýisr al-Şugur şäheriniň golaýynda ýerleşýär.

Ýisr al-Şugur şäherinden birnäçe müň adam häkimiýetleriň repressiýasyndan gorkup, Türkiýä gaçdy. Türk serhedinden geçen bosgunlaryň sanynyň 10 müňden geçendigi habar berilýär.

Türk serhedinden geçen bosgunlaryň sanynyň 10 müňden geçendigi habar berilýär.
Siriýada prezident Başar al-Assadyň iş başyndan çekilmegini talap edip, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary başlanaly bäri ölenleriň sany 1,400 adamdan geçdi.

Prezident Başar al-Assadyň režiminiň oppozisiýanyň garşysyna alyp barýan repressiýalary ýurtda halkyň özgerişlere tarap ýykgyn etmegini saklap bilmez diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Londonda neşir edilýän arap dilindäki "Aşark al-Awsat" gazetinde çap edilen makalasynda ýazýar.

“Siriýanyň yza tarap ýoly ýok” atly makalada hökümete garşy proteste çykan demonstrasiýaçylara garşy zorluk ulanýan Siriýanyň prezidentiniň ýurtda başlanan üýtgetmeleri haýalladyp biljekdigi, emma ony ýok ederden ejizdigi bellenýär.

Özüni reformaçy edip görkezmek islän Başar al-Assadyň häzirki hereketleri bilen abraýyny ýitirýändigini Klinton ýazýar.