Dörtlemeler

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat















Asfaltyň teýinden gül çykan ýaly,
Gap-gara bulutdan gün çykan ýaly –
Nirden çykdyň meň öňümden lowurdap,
Gedaýyň jübsünden pul çykan ýaly?!
*
Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty
Kime gerekmişin ullakan eser?
Kämahal näz bilen towlanan zülpüň
Täsiri aýalyň özünden ýeser!
*
Kä şeýle melege büdreýä gözüň –
Kelläň gopup gitjek başyň ýaýkasaň.
Az görünýä ony bagra basanyň,
Bagryňy çykaryp oňa oýkasaň!
*
Bu ýollaryň aýlaw-öwrümi bilen
Dogry ýola gider höwrüni bilen.
Zehiniň mukdary ölçelýä bu gün
Ýazylýan eseriň göwrümi bilen.
*
Ganatlydyr poeziýaň Pegasy,
Ony ýerde idip, gezdirip bolmaz.
Köşgüň şahyryna ilhalar goşgy
Awtomat çenäbem ýazdyryp bolmaz.