“Içi gyzyl ýa gök gaşly gap ýaly, ol gyzyl ýa gök gaşdan doly. Ýöne men onuň göwresindäki çaganyň gyzyl gaş ýa gök gaşdygyny bilemok”. Bu sözler ýitip giden akkad dilinden terjime edilen.
Bu bir gaty gadymy metafora. Bu ýerde bir enäniň hem gyz, hem ogul dogurmak başarnygy göz öňünde tutulyp, onuň göwresindäki çaga gymmat baha daşa meňzedilýär. Gyzyl daş gyzy, gök gäş hem ogly görkezýär.
Dilçi alymlar basymyň, äheňiň nähilidigini anyk bilmesler-de, birçak ýitip giden akkad dilinde miladydan 1,700 ýa 1,800 ýyl öň ýazylan sözlemleriň aýdylyşyny-da dikeltmäge çalyşýarlar we bu ugurdan öz çaklamalaryny öňe sürýärler.
Çikago uniwersitetiniň Akkadça-Iňlisçe sözlügi şular ýaly zatlary öz içine alýar. Müňlerçe ýyl mundan ozal häzir Yrakda, şeýle hem Siriýa, Eýrana we Türkiýä degişli regionlarda ýaşan ilat akkad dilinde gürläpdir. Bu dil arap we ýewreý dilleriniň daşky garyndaşy.
21 tomdan, 10 müň çemesi sahypdan durýan bu sözlügiň düzülip tamamlanmagy 90 ýyla çekdi. Oňa zähmeti siňen ýüzlerçe alym dünýäden ötdi. Iň soňky tomy ýaňy birnäçe hepde mundan ozal tamamlanan bu kitap bir ýönekeý sözlük däl.
Bu dünýä hem taryhda iň möhüm dünýäleriň biri. Ol döwrebap şäher durmuşynyň, döwlet jemgyýetleriniň, ýazuw sistemasynyň, wagt ölçeginiň we buhgalteriýanyň düýbi tutulan dünýäsi.
Akkad dili Hammurabiniň kanunlar ýygyndysynyň, dünýäniň ilkinji imperiýasyny guran Beýik Sargonyň, töwratda Ierusalimi basyp alan Assiriýanyň patyşalarynyň dili. Sözlügiň gadymy dünýä göz aýlamak başarnygy her bir söze tirkelen salgylanmalara daýanýar.
Assiriologlara niýetlenen bolsa-da, bu proýekt beýlekiler üçin hem bir çelgi bolup bilýär. Häzir Yrakda ýaşaýan 500 müň çemesi hristian azlyk öz ata-babalarynyň gadymy assiriýalylara baryp direýändigini aýdýarlar. Yrakda müňlerçe adam gadymy akkad diliniň häzirki zaman garyndaşy hasaplanýan arameý dilinde gürleýär.
Bagdatda neşir edilýän “Christian Thought” žurnalynyň baş redaktory Ýousif Tomanyň aýtmagyna görä, Yrakdaky hristianlar bu sözlükden köp zatlary öwrenip, muňa begenerler. Toma: “Bu bir gaty ähmiýetli habar. Sebäbi assiriýa dilini öwrenmek dünýäde bir möhüm dissiplina. Biz bu Yrakda hem ähmiýet gazanar diýip, umyt edýäris. Bu şeýle hem bir uly habar. Sebäbi bu sözlük assiriýa diline berilýän üns binasynyň bir daşy bolup durýar. Men bu proýekte gatnaşanlaryň baryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin” diýýär.
Birleşen Ştatlarda sözlügiň baş redaktory Ros bu sözlük tamamlanyp, indi edarasynda tekjede duranyny görende, özüniň dürli duýgulary başdan geçirýändigini belleýär: “Men bu proýekti uzak wagtlap goldandyklary üçin Çikago uniwersetetine we tutuş dünýä alymlaryna tüýs ýürekden minnetdar. Onuň bu netijä ýetenini görerlik ýagdaýda bolanyma minnetdar we guwanýaryn. Käbir kärdeşlerimiň biziň aramyzda bolup, dirilikde onuň tamamlanandygyny görüp bilmändigine gynanýaryn. Beýle uly proýektiň tamamlanandygyna, ylym dünýäsinde munuň bilen deňäre häzir başga hiç bir zadyň alnyp barylmaýandygyna gynanýaryn”.
Bu bir gaty gadymy metafora. Bu ýerde bir enäniň hem gyz, hem ogul dogurmak başarnygy göz öňünde tutulyp, onuň göwresindäki çaga gymmat baha daşa meňzedilýär. Gyzyl daş gyzy, gök gäş hem ogly görkezýär.
Dilçi alymlar basymyň, äheňiň nähilidigini anyk bilmesler-de, birçak ýitip giden akkad dilinde miladydan 1,700 ýa 1,800 ýyl öň ýazylan sözlemleriň aýdylyşyny-da dikeltmäge çalyşýarlar we bu ugurdan öz çaklamalaryny öňe sürýärler.
Çikago uniwersitetiniň Akkadça-Iňlisçe sözlügi şular ýaly zatlary öz içine alýar. Müňlerçe ýyl mundan ozal häzir Yrakda, şeýle hem Siriýa, Eýrana we Türkiýä degişli regionlarda ýaşan ilat akkad dilinde gürläpdir. Bu dil arap we ýewreý dilleriniň daşky garyndaşy.
21 tomdan, 10 müň çemesi sahypdan durýan bu sözlügiň düzülip tamamlanmagy 90 ýyla çekdi. Oňa zähmeti siňen ýüzlerçe alym dünýäden ötdi. Iň soňky tomy ýaňy birnäçe hepde mundan ozal tamamlanan bu kitap bir ýönekeý sözlük däl.
Sözlügiň jogapkär redaktory Marta Ros (bärde) we alym Robert Biggs Çikagoda ýerleşýän Gündogar institutynda, 27-nji maý.
Sözlügiň jogapkär redaktory Marta Ros: “Munda 28 müň töweregi baş söz bar. Bu 28 müň söz gadymy Ýakyn Gündogaryň taryhyna, medeniýetine we jemgyýetine açylýan bir penjire. Bu ýörite sözleri öz içine alýan sözlük hökmünde düzülen kitap däl. Tutuş proýektde saklan sözlerimiz bilen gadymy Mesopotamia dünýäsini düşündirimäge synanyşyldy” diýýär.Bu dünýä hem taryhda iň möhüm dünýäleriň biri. Ol döwrebap şäher durmuşynyň, döwlet jemgyýetleriniň, ýazuw sistemasynyň, wagt ölçeginiň we buhgalteriýanyň düýbi tutulan dünýäsi.