12-nji iýun Türkmenistanda Ylymlar günüdir.
2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň açylýandygyny yglan etdi.
Bu täzelik yglan edilende el çarpyşmalar bilen garşylanmagy ýöne ýerden däldi. Türkmenistan garaşsyzlyga çykandan soň, ýurduň Ylymlar akademiýasy öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýapylypdy. Netijede ömrüni ylma bagyşlan, öz ugrundan uly işler bitiren, köp sanly şägirt ýetişdiren, dünýä derejesinde tanalýan alymlar, ylym dünýäsine ýaňy gadam basanlar işsiz galdy.
Ýokary mekdeplerde-de ylmy derňewler ýatyryldy. Taýýar ylmy işler goralman, çekilen intellektual zähmet yrýa boldy. Nyýazow döwründe ylymlaryň kandidaty ýa doktory diýlen alymlyk derejeleri berilmedi.
“Halk hojalygyna peýdasy ýok” diýlen tassyklama bilen Ylymlar Akdademiýasynyň ýapylmagy, Gün energiýasy, Çöller instituty ýaly bütin dünýäde tanalýan institutlaryň ýok edilmegi diňe bir ýurduň içinde däl, daşarky dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde-de alada, gynanç döredipdi.
Üstümizdäki ýyl bellenýän Ylymlar gününe gabatlap, Berdimuhamedowyň Halkara ylmy foruma gatnaşyjylara ýollan gutlag ýüzlenmesinde: “Ylym we ylma esaslanýan ösüş Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy sütünidir” diýlip bellenýär.
Prezidentiň sözlerine görä, jemgyýetde ylmyň hakyky roluny dikeltmek, ýokary hünärli ylmy kadrlaryň sanyny artdyrmak - amala aşyrylýan ylmy-tehniki strategiýanyňyň iň esasy ugrudyr.
Türkmenistanly ylymlaryň doktory ylmy ösdürmek, türkmen ylmyny dünýä
derejesine ýetirmek boýunça ýurtda köp gürrüň edilýändigini, ýöne şu wagt ylmyň geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň derejesindedigini aýdýar.
“Şu wagt iş ýüzünde Türkmenistanda ylmy ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdesini peýdasyz gurluşyklara däl-de, ylma goýbermeli. Ylmyň dargadylmagy bilen işsiz galan, diri gezip ýören alymlarymyzy geljekki alymlara ýolbaşçy bellemeli. Şol alymlaryň mümkinçilik-tejribelerini peýdalanmaly, alymlaryň zähmetine mynasyp baha bermeli hem höweslendirmeli” diýip, türkmenistanly alym nygtaýar.
Gyrgyzystanyň Jelalabat döwlet uniwersitetiniň rektory Abdymämmet Kadyr Aşuralyýewiň sözlerine görä, eger alymlar üçin şert döredilen bolsa, jemgyýetde alymlaryň zähmetine isleg, talap bar bolsa, şonda gowy netije berer.
Berdimuhamedow ýüzlenmesinde: “Türkmen ylmyny şu günki günüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlary, ýokary mekdepleri gysga wagtda iň häzirki zaman enjamlar we gurallar bilen üpjün edildi” diýip ýazýar.
Emma türkmenistanly alym soňky döwürde Türkmenistana daşary ýurtlardan alymlaryň köp gelýändigini, dürli forumlar geçirilip, edilmeli işler barada gürrüň edilýändigini, ýöne hakyky işiň gürrüňden aňry geçmeýändigini belleýär: “Daşary döwletlerden - Ýewropa ýurtlaryndan, Amerikadan, regionyň ýurtlaryndan alymlary işe çagyrmaly. Olaryň tejribelerini öwrenmeli. Ýöne öz köne, hakyky alymlarymyza, kadrlarymyza daýanmaly”.
Prezidentiň ýüzlenmesinde-de ylmy ugurdan halkara gatnaşyklaryň giňelendigi, daşary ýurtlaryň abraýly ylmy merkezleri bilen ikitaraplaýyn ylalaşykdyr şertnamalaryň köp baglaşylandygy, häzirki foruma dünýäniň 40 gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynyň dünýäniň ylym giňişligine Türkmenistanyň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýändigi bellenýär.

Eger alymlar üçin şert döredilen bolsa, jemgyýetde alymlaryň zähmetine isleg, talap bar bolsa, şonda gowy netije berer.