3-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň wise-premýeri Tuwakmämmet Japarow öz hasabaty bilen çykyş edip, Jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş barada Ýewraziýa topary (ÝAT) bilen Ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk görülýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti bu ylalaşygy oňlap, “Dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny” hem belledi.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa toparynyň esasy maksatlarynyň biri sebitde hapa pullaryň ýuwulmagynyň we terroçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni aljak çäreleri işläp düzmekdir.
Bu topar 2004-nji ýylda döredilip, onuň düzümine Belarus, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Orsýet, Tajigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär. Türkmenistan bu toparyň düzümine 2007-nji ýylda goşulyp, geçen ýyl onuň doly ygtyýarly agzasy boldy.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa topary bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän FATF (Financial Action Task Force) görnüşli regional guramadyr.
FATF guramasynyň Pariždäki edarasynyň administratory Riçard Berkhouta guramanyň hödürleýän rekomendasiýalaryny ýurtlaryň berjaý edip-etmezligi barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “FATF guramasynyň teklipleri bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy global ölçegler hökmünde Halkara walýuta fondy, Bütindünýa Banky, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan ykrar edildi. Şonuň üçin ol maslahatlar hökmany suratda amala aşyrylmaly”.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa toparynyň Moskwadaky edarasy Türkmenistan bilen gol çekiljek ylalaşyk barada häzrlikçe Azatlyk Radiosyna kommentariý bermekden saklandy.