Täjik prezidenti Ýewropa Bileleşiginden goldaw hantama

Rahmon (çepde) Ýewropa alty günlük saparynyň dowamynda resmi sapar bilen Lýuksemburgda, Awstriýada we Wengriýada hem bolar.

5-nji iýunda Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon Fransiýa bardy. Şu gün ol Fransiýanyň döwlet baştutanlary bilen duşuşýar. Şeýle-de ol Strasburgda Ýewroparlamentiň deputatlarynyň öňünde çykyş eder.

Täjik prezidentiniň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, prezident Rahmon Ýewropa alty günlük saparynyň dowamynda Lýuksemburgda, Awstriýada we Wengriýada hem bolar.

Täjik parlamentiniň deputaty, syýasaty öwreniji Abdugany Mamedowyň sözlerine görä, prezident Rahmonyň Ýewropa saparynyň maksady ýurdy ykdysady krizisden çykarmak üçin maliýe kömegini soramak däl-de, “Rogun” gidroelektrik stansiýasynyň gurmak üçin syýasy goldaw soramak. Bu meselede ÝB-niň syýasy goldawy Täjigistan üçin möhüm.

Mamedow häzir Täjigistan üçin ýene-de bir möhüm meseläniň, ýagny syýasy yslam bilen gatnaşyklar we terrorçy ekstremistik toparlara garşy göreş meselesiniň hem gepleşikleriň dowamynda gozgaljakdygyny aýtdy. “Sebäbi biz bu toparlary terrorçy toparlar hökmünde tanaýarys. Emma Ýewropa Bileleşigi yslamçy toparlaryň hemmesini terrorçy toparlar diýip atlandyrmaýar” diýip, Mamedow aýdýar.

Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, prezident Rahmon bilen boljak ýokary derejeli duşuşyklarda täjik ykdysadyýetine inwestisiýa ýatyrmak, energetika boýunça gatnaşyklary ösdürmek hem-de Owganystan barada meselelere serederler.

Täjigistanly garaşsyz žurnalist Nygmat Ahrorow hazir Täjigistanyň ykdysady ýagdaýynyň agyrdygyny, eger ýagdaý şeýle dowam etse, halkyň hökümete garşy aýaga galmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Bazarlarda bahalar üznüksiz galýar. Öňler goňşulardan geçýän harytlar, käbir sebäplere görä, indi umuman geçenok. Bazardaky bahalary düşürmek barada yzygiderli wada berýärler. Emma netije ýok. Bu ýyl howa ýagdaýy hem gowy bolmady. Biz üstumizdäki ýyl hem galla bilen öz halkymyzy üpjün edip bilmeris. Dünýä bazarynda pagtanyň nyrhy hem pese gaçdy. 90-njy ýyllardaky wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin, ýurtdaky ykdysady krizisiň öňüni almaly. Şonuň üçin hem ösen ýewropa ýurtlarynyň kömegi we maslahaty Täjigistan üçin möhüm” diýip, Ahrorow aýdýar.

Ýewropa Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen bile prezidentiň daşary syýasat boýunça kömekçisi Erkin Rahmatullaýew, maliýe ministri Saparali Najmiddinow, ykdysadyýet we söwda ministri Farruh Hamralyýew dagylar hem gitdiler.