Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan hiç hili sebäbi düşündirilmezden, Balkanabatdaky ruhy hassahana salnan graždan aktiwisti Amangelen Şapudakow 43 günden soň, 28-nji aprelde ýene-de sebäbi düşündirilmezden erkinlige goýberildi.
Türkmenistandaky informasiýa boşlugy we ýapyklyk syýasaty sebäpli Amangelen Şapudakowyň ruhy hassahana düşmegi bilen bagly wakalar barada anyk maglumat almak şol wagt aňsat bolmandy. Käbir çeşmeler bolsa Şapudakowyň geçmişde türmede oturandygyna salgylanyp, onuň ýakynda dälihana ýerleşdirilmegi-de ýerlikli sebäpler bilen baglanyşyklydyr diýen ýaly garaýyşlary öňe sürüpdiler.
Bu gezekki “Adam hukuklary” programmamyda Azatlyk Radiosy şu we käbir beýleki ýagdaýlary anyklaşdyrmak maksady bilen Amangelen Şapudakowyň özi bilen ýörite söhbetdeş boldy.
Programmany diňlemek üçin sag tarapdaky düwmä basyň.