Halkara walýuta fondy Müsüre $3 milliard berer

Ýekşenbe güni Müsüriň häkimiýetleri Halkara walýuta fondunyň bu ýurda 3 milliard dollar maliýe ýardamyny bermekligi karar edendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu serişdeler Müsüriň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen geljek bir ýylyň dowamynda berler.

Şu ýylyň fewral aýynda Müsüriň ozalky awtoritar lideri Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren syýasy wakalar ýurduň ykdysadyýetine-de öz ýaramaz täsirlerini ýetiripdi.

Geçen hepde Müsüriň täze hökümeti 2011-2012-nji ýyllar üçin döwlet býujetini tassyklady.