Ýewropanyň alymlary 16 adamyň ölümine sebäp bolan bakteriýanyň gelip çykyşyny heniz hem anyklap bilenoklar. Bu waka gök önümleriň importyna täsir ýetirdi we kontinentleriň arasynda diplomatik dartgynlylygy döretdi.
Ýewropanyň azyk önümleriniň howpsuzlygyny derňeýän alymlar adam ölümine sebäp bolan “E. coli” diýilýän bakterial infeksiýanyň aýratynlyklaryny we çeşmelerini anyklamaga çalyşýarlar. Häzirlikçe bakteriýanyň çüýrän gök onümler arkaly ýaýranlygy çak edilýär.
Maý aýynyň ortalarynda tutaşan bu infeksiýa 16 adamyň ölümine getirdi. Heläk bolanlaryň 15-si Germaniýadan. Ýene bir zenan Şwesiýada Germaniýa syýahat edenden soň, ýogaldy.
Gelip çykyşy
Adamlaryň we haýwanlaryň iýmit siňdiriş sistemasyndan tapylýan “E. coli” bakteriýasy ozal hem köp ýurtlarda azyk önümleriniň zäherlenmegi bilen bagly epidemiýalara sebäp bolupdy. Emma köp halatlarda bu bakteriýa ölümlik bolmadyk içagyry ýaly kesellere sebäp bolýardy.
Ýöne bu bakteriýanyň alymlar tarapyndan anyklanan we seýrek duş gelýän EHEC serotip 0104 görnüşi örän howply. Köp näsaglar ganly içgeçmeden ejir çekýärler. Infeksiýa käte böwrege zeper ýetirýän sindromy hem döredýär.
Epidemiýa Germaniýada, Şwesiýada, Awstriýada, Beýik Britaniýada, Çehiýada, Daniýada, Fransiýada, Gollandiýada, Norwegiýada, Ispaniýada we Şweýsariýada tutaşdy. Jemi 1,400 adam keselledi. Olaryň köpüsi ýakynda Germaniýa baryp gaýdan adamlar.
BMG-niň Bütindünýä Saglyk Guramasynyň aýtmagyna görä, kesellänleriň 86%-i kämillik ýaşyna ýeten adamlar. Olaryňam üçden iki bölegi aýallar. Näsaglaryň 400-den gowragynda ölüm howpuny döredýän keselleriň alamatlary bar. Olar ganynyň täzelenmegine mätäç.
Infeksiýanyň ojagy bolan Germaniýanyň Gamburg şäheriniň häkimiýetleri ýerli keselhanalarda ýeterlik mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Muňa garamazdan, olar gan tabşyrmak boýunça kampaniýa başladylar.
Germaiýanyň resmileri ilaty çig hyýar, pomidor we gök ot iýmezlige çagyrdylar.
Diplomatik dartgynlylyk
Bu epdemiýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda diplomatik dartgynlylygy hem döretdi. Germaniýanyň häkimiýetleri zäherlenen hyýarlaryň Ispaniýadan getirilenligini aýtdylar. Ispaniýanyň resmileri bolsa muny ret edip, hyýarlaryň haçan we nirede zäherli bolanlygynyň entek anyk däldigini bellediler.
1-nji iýunda Germaniýanyň oba-hojalyk ministri Ilse Aiger Ispaniýadan getirilen hyýarlary iýmekden saklanmalydygyny duýdurdy. Ol şeýle çäräniň Ýewropanyň kanunlaryna doly gabat gelýänligini belledi.
Ispaniýanyň häkimiýetleri epidemiýa zerarly gök önümleri eksport ediji ýurtlaryň her hepdede 200-290 million dollar çemesi zyýan çekýänligini aýdýarlar.