Türkmenistan Orsýete satýan gazynyň möçberini artdyrmaga özünde islegiň we mümkinçiligiň bardygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Baýramgeldi Nedirow 31-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Nedirowyň sözlerine görä, Orsýetde has köp gaz almaga isleg bolsa, türkmen tarapynda eksportyň möçberini krizisden öňki derejä ýetirmek üçin gaz zapaslary, taýýar satlyk gazy we gazgeçirijileri bar.
Türkmenistanyň nebit-gaz ministriniň bu çykyşy barada Orsýetiň gazetlerinde habar berildi. Türkmenistanyň metbugatynda bu ýurduň resmisiniň çykyşyna degişli mesele gozgalmady. Bu barada Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň özünden hem maglumat almak başartmady.
“Geçen ýylkydan az bolmaz”
Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda hyzmatdaşlygy giňelmek meselesi 25-nji aprelde “Gazpormyň” başlygynyň orunbasary Waleriý Golubewiň Aşgabada saparynyň dowamynda maslahat edilipdi. Emma şol gepleşikleriň netijeleri barada hem habar berilmändi.
Şu ýylyň başynda “Gazprom” 2011-nji ýylda özüniň Merkezi Aziýadan 39 milliard kubometr gaz satyn almagy planlaşdyrýanlygyny yglan edipdi. Emma ors kompaniýasynyň Türkmenistandan satyn aljak gazynyň möçberine degişli sanlar görkezilmändi.
31-nji maýda Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Nedirow geçen ýylda Türkmenistandan Orsýete 10 milliard kubometr gazyň akdyrylanlygyny aýtdy we üstümizdäki ýylyň dowamynda akdyryljak gazyň möçberiniň geçen ýylkysyndan az bolmajagyny belledi.
25 ýyllyk gaz ylalaşygy
Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasy 2003-nji ýylyň aprel aýynda baglaşylan 25 ýyllyk gaz ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň başynda taraplar gazyň bahasyny bazar nyrhlary esasynda kesgitlemek barada ylalaşypdylar. Käbir maglumatlarda, şondan soň Gazpromyň türkmen gazynyň her müň kubometri üçin Aşgabada 375 dollardan tölänligi aýdylýar.
2009-njy ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlama çenli Orsýet Türkmenistanyň esasy gaz alyjysy bolupdy. “Gazprom” ýylda satyn alan 40-50 milliard kubometr türkmen gazyny Ukraina we Günbatar Ýewropa akdyrýardy.
Soňky döwürde “Gazpromyň” Ýewropa satýan tebigy gazynyň möçberi artyp başlady. Kompaniýanyň başlygy Alekseý Miller 25-nji aprelde eden çykyşynda diňe bir aprel aýynyň dowamynda “Gazpromyň” eksport edýän gazynyň möçberiniň gyş aýlaryna garanda has köpelenligini belledi.
“Gazpromyň” resmi maglumatynda aýdylyşyna görä, kompaniýa satýan gazynyň bahasynyň hem ýokarlanmagyna garaşýar. Şu ýylyň aýagynda “Gazpromyň” öz müşderilerine satýan gazynyň her müň kubometriniň bahasynyň 500 dollara ýetmegi mümkin.
Diwersifikasiýa
Soňky ýyllarda Türkmenistan köpugurly energiýa syýasatyny yglan edýär we ähli taraplara gaz satmaga ukyplydygyny aýdýar. Emma Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, howpsuzlyk meselesi ýurduň planlarynyň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik berýär.
Häzirki wagtda türkmen gazy Hytaýa we Eýrana satylýar. Ýakyn günlerde Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi arkaly Hytaýa türkmen gazynyň ilkinji 10 milliard kubometri akdyryldy. Bu gazgeçiriji 2006-njy ýylda bu ýurtlaryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlup, 2009-njy ýylda işe girizildi.
Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi arkaly geljekde her ýyl 40 milliard kubometr türkmen gazyny eksport etmek planlaşdyrylypdy. Emma Hytaýa satylýan türkmen gazynyň möçberini 60 milliard kubmetre çenli artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy hem habar berilýär.