Kazan şäheriniň administrasiýasy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri korrupsiýa garşy göreş çäreleriniň çäklerinde administrasiýanyň resmilerini ýalany aňlaýan detektorda barlamak çärelerini alyp barýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şäher administrasiýasynyň korrupsiýa garşy göreş bölüminiň başlygy Oleg Nowikow bu barlag işlerini özi alyp barýar we onuň netijelerine uly umyt baglaýar.
Nowikow çinownikleri ýalany aňlaýan detektorda barlamak çäreleriniň meýletin esasda geçirilýändigini, ýöne kimdir-biriniň arassa işlemeýändigine müňkürlik edilen halatynda, oňa şu detektoryň barlagyndan geçmekligiň maslahat berilýändigini aýtdy.
“Şular ýaly barlagyň ýola goýuljakdygy barada gürrüň ýaýranda, elbetde, başda adamlar muňa haýbat atmak ýaly bir zat hökmünde garap, muny ynamsyzlyk bilen kabul edipdiler. Ýöne soňra biz hakykatdanam bu boýunça bölüm döredip, enjamlary satyn alyp, adamlary barlagdan geçirip başladyk welin, işgärleriň arasynda özboluşly bir gorky we nägilelik peýda boldy” diýip, Nowikow aýdýar.
Nowikowyň aýtmagyna görä, barlagdan ýüz öwrenlerem köp bolupdyr. “Elbetde, bu barlaglar meýletin esasda geçirilýär. Ýöne her bir guramanyň öz düzgüniniň bardygyna görä, her bir adam muny göz öňünde tutmaly bolýar”.
Ýaýrap başlady
Orsýetiň hökümet guramalarynda we hukuk goraýjy edaralarynda resmileri şular ýaly detektoryň barlagyndan geçirmek çäreleri indi kem-kem göze ilip başlady.
Orsýetiň Içeri işler ministrliginde düýpli reforma geçirmek boýunça prezident Dmitriý Medwedewiň şu ýylyň başynda öňe süren planlary hukuk goraýjy organlarda işgärleri ýalany aňlaýan detektorda barlamak çärelerini-de göz öňünde tutýar.
Şu aýyň başynda Içeri işler ministrliginiň alty sany ýokary derejeli resmisiniň wezipesinden boşadylmagyna hem hut şu ýalany aňlaýan detektorda geçirilen barlaglaryň sebäp bolandygy habar berildi.
Bu wakanyň yzy bilen içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew žurnalistlere beren interwýusynda özüniň-de şeýle detektoryň barlagyndan üstünlikli geçendigini aýtdy.
Orsýetiň käbir hususy kompaniýalary-da şeýle detektorlary indi yzygiderli ulanyp gelýärler. Moskwanyň şäher administrasiýasy hem ýakynda bu şäheriň ähli resmi guramalarynda işleýän çinownikleri ýalany aňlaýan detektordan geçirmekligi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
Ýöne döwletiň býurokrat çinowniklerini detektoryň barlagyndan geçirmek ugrundaky tagallalar mundan ozal kän bir netije bermändi. Ýokary wezipeli çinownikleri şeýle barlagdan geçirmekligi göz öňünde tutýan kanunyň taslamasy Orsýetiň Dumasynyň garamagyna 2009-njy ýylda hödürlenilipdi. Emma taslama kanun görnüşinde barybir kabul edilmedi.
Kanuny esas barmy?
Düýbi Orsýetiň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän, ynsan hukuklaryny goraýjy «Agora» merkeziniň başlygy Pawel Çikow Orsýetdäki şu ýagdaýyň hem belli bir derejede alada döredýändigini aýtdy.
“Orsýetde ýalany aňlaýan detektoryň aktiw ulanylyp başlanandygyna-da garamazdan, kanuny nukdaýnazardan onuň kanunçylyk statusy asla düzgünleşdirilmedik. Ýagny, şeýle barlaglaryň düzgünini göz öňünde tutýan ýa-da ony beýan edýän hiç hili kanun ýok. Ýa-da şeýle barlagy geçirýän poligrafologyň çykarýan netijeleriniň nähili ýuridiki ýa-da beýleki güýjüniň bardygyny düşündirýän kanunlaram ýok” diýip Çikow ýagdaýa baha berdi.
Ýöne çinownikleriň we işgärleriň arassalygyny barlamaklygy göz öňünde tutýan bu täze çäreleriň kanun taýdan esaslandyrylmandygyna garamazdan, Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäheriniň administrasiýasy öz işgärlerini ýalany aňlaýan detektoryň barlagyndan geçirmekligi dowam etdirýär.
Bu barlaglaryň näderejede “meýletin esasda geçirilýändigi” hem uly sorag astynda bolmagynda galýar. Şäher administrasiýasynyň bölüm müdiri Nowikow detektoryň görkezen ýaramaz görkezijileri netijesinde eýýäm birnäçe resminiň wezipesinden boşadylandygyny hem aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, wezipesinden boşadylan şol resmileriň hatarynda şäher administrasiýasynyň ýer meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary we emläk meseleleri boýunça komitetiniň başlygy-da bar.