Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabatlap, Azerbaýjanyň awtoritar režimi bu gurama garaşylmadyk sowgat etdi.
Azerbaýjan gazetleriniň biriniň baş redaktory Eýnulla Fatullaýew özüniň tussaglykdan azatlyga goýberilmegini hut täsin hem ajaýyp sowgat hökmünde häsiýetlendirdi. Ol: “Men entegem bu ýagdaýa akyl ýetirjek bolýaryn. Bu meniň üçin täsin ajaýyplyk. Men munuň beýle boljagyny göz öňüne hem getirip bilmeýärdim. Bu meniň üçin juda garaşylmadyk sowgat boldy” diýdi.
Azerbaýjanyň awtoritar prezidenti Ylham Alyýew 26-njy maýda Fatullaýew bilen birlikde başga-da 89 tussagy azatlyga goýberdi.
Fatullaýew tussaglykdan goýberilenden iki sagat soň, Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren interwýusynda “Amnesty International” guramasyna özüniň azatlyga çykarylmagy ugrunda eden tagallalary üçin minnetdardygyny aýtdy.
“Ebetde, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalary maňa diýseň uly hemaýat berdi. Ilki bilen men “Amnesty International” guramasyna minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Sebäbi soňky dört ýylyň dowamynda bu gurama meniň azatlyga çykarylmagym ugrunda özüniň kyn missiýasyny dowam etdi” diýip, Fatullaýew nygtady.
“Unudylan tussaglar”
“Amnesty International” guramasy 1961-nji ýylda britan kanunçykaryjysy Peter Benensonyň “Unudylan tussaglar” atly makalasyndan soň esaslandyrylypdy. Benenson bu makalasyny Portugaliýada, şol wagtky diktator Antonio de Oliweira Salazaryň döwründe, azatlyk ugrunda göreşen iki sany studente duýgudaşlyk edip ýazypdy. Benensonyň “Unudylan tussaglar” makalasynyň çap edilmegi şol ýyl “Amnesty International” guramasynyň döredilmegine sebäp bolupdy.
“Amnesty International” guramasy ilkibaşda diňe özüniň Londondaky edarasynda, ýalňyz onlarça meýletinçiler bilen öz işine başlapdy. Şondan bäri “Amnesty International” dünýäniň 150 ýurdunda üç milliona golaý tarapdarlary bilen adam hukuklary boýunça ýer togalagyndaky iň uly guramalaryň birine öwrüldi.
Häzir “Amnesty International” guramasynyň dünýäniň 68 ýurdunda, şol sanda Urugwaý we Özbegistan ýaly ýurtlarda hem öz býurolary bar. Guramanyň ýyllyk býujeti 200 million dollara golaý. Bu pullaryň aglabasy şahsy donorlardan gelýär.
“Amnesty International” guramasynyň meşhur nyşany, ýagny ýanyp duran şemiň daşyna oralan tikenli sim, “Tümlüge igenmegiň ýerine, bir yşygy ýakmagyň nepi has täsirlidir” diýen paýhasdan ugur alyp döredilen. Bu nyşan guramanyň adam hukuklarynyň bozulmalaryna ýagtylyk salmak missiýasyny hem mälim edýär.
1977-nji ýylda “Amnesty International” guramasyna Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi.
“Amnesty International” Balkan welaýatynda ýaşaýan türkmen aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýewiň haklaryny goramaga hem gatnaşypdy. Durdygulyýew 2004-nji ýylda asuda syýasy protesti geçirmek üçin eden haýyşy sebäpli zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilipdi. Ol 2006-njy ýylda azatlyga goýberildi.
Azerbaýjan gazetleriniň biriniň baş redaktory Eýnulla Fatullaýew özüniň tussaglykdan azatlyga goýberilmegini hut täsin hem ajaýyp sowgat hökmünde häsiýetlendirdi. Ol: “Men entegem bu ýagdaýa akyl ýetirjek bolýaryn. Bu meniň üçin täsin ajaýyplyk. Men munuň beýle boljagyny göz öňüne hem getirip bilmeýärdim. Bu meniň üçin juda garaşylmadyk sowgat boldy” diýdi.
Azerbaýjanyň awtoritar prezidenti Ylham Alyýew 26-njy maýda Fatullaýew bilen birlikde başga-da 89 tussagy azatlyga goýberdi.
Azerbaýjanyň Pariždäki ilçihanasynyň öňünde žurnalist Fatullaýewiň goýberilmegine çagyryş edilip, protest geçirilýär, 2011-nji ýylyň 20-nji apreli.
“Amnesty International” guramasy gözenegiň aňyrsynda dört ýyly geçiren Fatullaýewi “wyždan ýesiri” diýip yglan edipdi. Britan žurnalistleriniň bir topary bilen birlikde “Amnesty International” şondan gün öň, ýagny 24-nji maýda, Fatullaýewi boşatmaga çagyrypdy.Fatullaýew tussaglykdan goýberilenden iki sagat soň, Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren interwýusynda “Amnesty International” guramasyna özüniň azatlyga çykarylmagy ugrunda eden tagallalary üçin minnetdardygyny aýtdy.