Kanunlar gowy bolsa-da...

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş assambleýasynda çykyş edýär, Nýu-Ýork, 2009-njy ýylyň 23-nji sentýabry.

Türkmenistan häzire çenli 120-den gowrak halkara dokumentini tassyk etdi, ol dokumentleriň 40-a golaýy adam hukuklaryny goramaga degişli diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanda soňky döwürde geçirilýän hukuk reformalarynyň çäginde adam hukuklarynyň goragyny üpjün edýän bir topar kanunçylyk akty kabul edildi. Olardan Türkmenistanyň Sud hakyndaky, Prokuratura hakyndaky, Adwokatura we aklawçylyk işi baradaky kanunlaryny, Jenaýat-prosessual iş ýörediş kodeksini, Zähmet kodeksini, Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy baradaky kanuny agzamak bolar.

Gazetiň ýazmagyna görä, Türkmenistan soňky döwürde “Çaga zähmetiniň iň ýaramaz görnüşlerini gadagan etmek we haýal etmän aradan aýyrmak çäreleri baradaky” konwensiýa, Maýyplaryň hukuklary boýunça konwensiýanyň fakultatiw protokoluna, Sportda dopinge garşy konwensiýa, Bütindünýä saglyk guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwalaýyn konwensiýasyna hem goşuldy.

Gazet Türkmenistanyň täze Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň kabul edilmeginiň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolandygyny belleýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň başynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze redaksiýasy barada söz açyp, ýurtda berilýän jeza çärelerini ýeňilleşdirmekden ugur alynýandygyny aýdypdy.

“Biz Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze redaksiýasyny kabul etdik. Bu kodeksde jenaýat kanunçylygyna bellenen jeza çärelerini ýeňilleşdirmäge gönükdrilen ynsanperwer syýasat öz öz beýanyny tapdy” diýip, prezident Berdimuhamedow kanun çykaryjylaryň bu işi dowam etdirmeklerine çagyrypdy.

Şeýle-de ol täze Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksi işlenip taýýarlananda we kabul edilende berilýän jezalaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarlanmagyndan ugur almalydygyny nygtapdy.

Emma garaşsyz hukuk goraýjylar, şol sanda adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin “Türkmenistanda kanunlar gowy bolsa-da, olaryň häkimiýetler tarapyndan ýerine ýetirilişiniň heniz köp zady arzuw etdirýändigini” aýdýar.

Hukuk goraýjynyň pikirine görä, Türkmenistanda prezident üýtgese-de, ýagdaý o diýen üýtgemedi we ýurt garaşsyz gözegçiler üçin şindem ýapyklygyna galýar.

“Halkara gyzyl haç guramasy indi köp ýyl bäri türkmen türmelerine baryp görmek isleýär, ýöne olara muny etmäge ýol berilmeýär. Türkmen häkimiýetleriniň hemme zady gizläp saklamaga synanmagynyň özi hem ‘türkmen patyşalygynda’ ýagdaýyň örän ýaramazdygyny aňladýar” diýip, Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna aýtdy.