Türkmenistan II Halkara gaz kongresini geçirýär

Hazaryň kenaryndaky «Awaza» syýahat merkezinde Türkmeniçstanyň II Halkara gaz kongresi açyldy. Bu foruma dünýäniň 31 ýurdundan 160-a golaý halkara guramasynyň we kompaniýasynyň wekiliniň gatnaşýandygy aýdylýar.

Türkmen metbugatanyň ýazmagyna görä, kongrese gatnaşýan 500 çemesi delegatyň arasynda Ýewropa Komissiýasynyň, Energiýa Hartiýasynyň wekilleri, ABŞ-nyň, Orsýetiň, BAE-niň, Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Koreýa respublikasynyň energiýa ministrlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary bar.