Türkmen dissidenti, žurnalist we taryhçy alym Muhammet Berdiýewiň ogly Keýmir Türkmenistana deportasiýa edildi. 20-nji mayda Keýmir Berdiýewiň Şwesiýadan Türkmenistana iberilendigi onuň garyndaşlary we adam hukuklaryny goraýjy käbir guramalar tarapyndan habar berildi.
32 ýaşly Keýmir Berdiýew Türkmenistanyň raýaty. On ýyla golaý wagtlap Orsýetde ýaşan Keýmir Berdiýew 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Şwesiýa baryp, bu ýurtdan syýasy başpena sorapdy.
Onuň inisi Şanazar Berdiýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Şwesiýanyň Migrasiýa gullugy Keýmir Berdiýewi deportasiýa etmek kararyny şu ýylyň aprel aýynda çykarypdyr.
Gollandiýada ýaşaýan Şanazar Berdiýew agasynyň ykbalyny alada edýär. Ol agasy bilen deportasiýadan öň telefon arkaly gürleşendigini we onuň şondan soňky ýagdaýyndan habarynyň ýokdugyny aýtdy.
Şanazar Berdiýew agasynyň ykbalyny anyklamak üçin häzir Türkmenistandaky garyndaşlaryna, adam hukuklaryny goraýjy guramalara we Aşgabatdaky amerikan ilçihanasyna ýüz tutmaga synanyşýar.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň informasiýa boýunça wekili Bradley McGuire Keýmir Berdiýewiň işi barada ilçihananyň habarlydygyny aýtdy we türkmen hökümetiniň bu meselä halkara standartlaryna laýyklykda çemeleşjegine umyt baglady.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara “Human Rights Watch” guramasy Keýmir Berdiýewiň ykbalyny anyklamaga synanyşýar. Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Reýçel Denber Keýmiriň Aşgabada baranlygy barada resmi bolmadyk çeşmelerden maglumat alandyklaryny, emma onuň häzirki ykbalyndan habarsyzdyklaryny mälim etdi.
Şwesiýadan deportasiýa edilen Keýmir Berdiýew türkmen dissidenti, žurnalist we taryhçy alym Muhammet Berdiýewiň ogly.
Deportasiýa edilenlere näme garaşýar?
Norwegiýada ýerleşýän Özbek medeni merkeziniň ýolbaşçylaryndan Ýewgeniý Dýakonow Skandinawiýa ýurtlaryndan başpena soraýan merkezi aziýaly bosgunlara ýardam bermek işi bilen meşgullanýar. Ol Keýmir Berdiýewiň deportasiýa edilmeginiň sebäbini Skandinawiýa ýurtlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlaryna, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryna başpena bermek üçin bellenen kwotalaryň ujypsyzlygy bilen baglanyşdyrýar.
Dýakonow Şwesiýa we Norwegiýa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan baryp, başpena alýanlaryň sanynyň ýylda 2-3 adamdan geçmeýänligini belledi.
Adam hukuklaryny goraýjy Dýakonow Keýmir Berdiýewiň ykbaly barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Emma ol Merkezi Aziýa ýurtlaryna deportasiýa edilen şahslaryň adaty düzgünlerden geçmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.
“Aşgabada ýa Daşkende baran adamlar serhet zonasynda saklanýar. Olar ýörite gulluklar tarapyndan barlanýança käte onlarça sagat geçýär. Adamlaryň pasportlarynyň elinden alynmagy we suda çagyryş hatynyň gowşurylmagy ýaly wakalar hem bolýar. Meselem, Özbegistanda Şwesiýada ýa Norwegiýa bolan adamlar oppozisiýa bilen gatnaşykda bolanlykda şübhelenilýär we bu ugurda derňew geçirilýär”.
Deportasiýa edilip, ýurduna gaýdyp baran raýatlar babatyndaky resmi düzgünler we Keýmir Berdiýewiň ykbaly barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan maglumat almak başartmady.