54 ýyl eýeçiliksiz çeşme

Ozalky Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinden demirgazykda, şäherden 80 kilometr uzaklykda 1957-nji ýylda bir suw skwažinasy gazylypdy.

Ozalky Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinden demirgazykda, şäherden 80 kilometr uzaklykda 1957-nji ýylda bir suw skwažinasy gazylypdy. Bu skwažina «87-nji skwažina» diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň medisina akademiýasynyň kliniki we öňüni alyş ylmy-barlag instituty 1992-nji ýylda bu skwažinanyň suwunyň düzümini barlap, onuň dürli keselleri bejermekde ýetirýän täsirini anyklapdyr. Bu baradaky maglumat Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän, Türkmenistanyň ýeňil senagaty ministrligine degişli “Garşy” dynç alyş öýüniň derwezesiniň agzynda ýazylyp goýlupdyr.

Maglumatda aýdylyşyna görä, mineral suwuň möçberi 900 litr/sekuntdan gowrak. Suwuň ýylylygy 36 gradus. Bir gije-gündiziň dowamynda 260 kwadrat/metr suw alyp, harç edip bolýar. Bu bolsa eger-de 30 sany wanna gurulsa, 6 sagadyň dowamynda 180 näsagy bejermek mümkinçiligini berýär.

Çeşmeden diňe ýyly suw çykýar. Dürli barlaglar netijesinde çeşmäniň suwunda azotyň, nahar duzunyň, hlorly natriniň, köp mukdarda bromyň barlygy anyklanan. Şeýle hem onuň mylaýymdan turşumtyk tagamly suwdugy bellenen.

Şu guýudan tapylan mineral suw ýarawsyzlygy bejeriş boýunça Özbegistandaky “Çartak”, Litwadaky “Durkunsikan”, Zaporožýedäki “Berdensk” ýaly dünýä belli sanatoriýa-kurortlarynyň ulanýan suwy bilen deň.

Şu kurortlarda ulanylýan suwuň düzümindäki esasy ingrediýentler, duz goşulmalary birsydyrgynlygy sebäpli, bu suwy adamyň daşky bejergilerini ulanmaga örän ýakymly.

Desimetr kubda mis 0,2, sink 150, gurşun 5,0, marganes 416, myşýak 1,0, kobalt 2,0, hrom 0,8, ikiwalentli demir 0,1, brom 88,4, ýod 3,4 orun tutýar. Bakteriologiki barlagy netijesinde onuň döwlet standartyna gabat gelýandigi anyklanan.

Çeşmäniň mineral suwunyň ýürek-damar sistemasynda döreýän keselleri, kardiosklerozy, gipertoniýa keseliniň 1-nji, 2-nji derejesini, gan-damar, süňk-myşsa siňir kesellerini, oňurga ýiligini, ganöýme newroz, deri kesellerini, aýal jyns organlarynda döreýän keselleri bejeriş häsiýetiniň bardygy anyklanypdyr.

87-nji skwažinaniň burawlananyna indi 54 ýyl wagt geçipdir. Ozal deňiz bilen arasy açygrak bolan bolsa-da, soňky ýyllarda deňziň suwunyň derejesiniň ýokary göterilmegi bilen, çeşme deňziň 10-15 metr ýakynlygynda galypdyr. Çeşmeden çogup çykýan mineral suw deňze guýup dur.

Çeşmäniň çykýan ýerine boýy 2,5, ini 2 metr ýaly çukur gazyp, onuň gyralaryna beton kerpiç aýlapdyrlar. Şol çukuryň içindäki suwa düşünip, adamlar bejergi alýarlar. Çukuryň içine bary-ýogy iki adam ýerleşýär.

Her bir dertli adam gözegçiliksiz ýagdaýda bu suwda 20-30 minut oturýar. Suwa girmek üçin bu ýere gelýän näsag adamlar ýalazy meýdanda uzakly gün nobata durýarlar. Häli-şindi Garşy çölüniň üstünden öwüsýän güýçli ýeliň göterýän tozany adamlaryň agyz-burnuna dolýar.

Dynç alyş şertleri

Ahal welaýatyndan bolan Sona daýza näsaglygy sebäpli, her ýylda öz goňşulary bilen bu ýere 10-12 günlük gelip, saglyklaryny bejertmek üçin suwa düşünip gidýän eken. Ýaşamak üçin hiç bir ýatak jaýlary bolmandan soň, olar çem gelen ýerde ýatyp-turýarlar. 10-12 günlük iýjek-içjek azyk önümlerini her kim özi bilen alyp gelmeli.

“Biz “Garşy” dynç alyş öýüniň jaýlarynyň kölegesinde oňňut etmeli bolýarys, dynç alyş öýüniň territoriýasynda naharhana ýok. Kiçiräk hususy dükanda satylýan azyk önümleriniň bahalary örän gymmat. Döwlet tarapyndan hiç bir amatlyklar döredilmeýär” diýip, Sona daýza gürrüň berýär.

Bu ýerde ýerleşýän “Garşy” dynç alyş öýi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň işgärleri üçin niýetlenip, dynç alyş öýüne şol ministrlige degişli edara-kärhanalaryň işgärleri Marydan, Lebapdan, Aşgabatdan, Gökdepeden ýeňillikli putýowkalar bilen dynç almaga ugradylýar.

Dynç alyş öýi diňe tomus möwsümi işleýär. Bu ýere gelýänler deňiz suwuna düşünip, dynç alýarlar. Saglyklaryny dikeldýärler. Howanyň salkynlamagy bilen dynç alyş öýi ýapylýar.

Emma mineral suwda saglyklaryny bejertmek üçin gelýänlere hiç bir amatly ýagdaý döredilmeýär.

“Garşy” dynç alyş öýi hem SSSR döwri gurlup, Garaşsyzlyk ýyllary ministrlik tarapyndan ünsden düşürilipdir. SSSR döwri düýbi tutulan naharhana bitmän galypdyr we ol howlynyň ortasynda gelşiksiz ýagdaýda dur. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy hem bejeriş-abatlaýyş işlerine mätäç.

Sona daýzanyň pikiriçe, döwletiň gurbunyň çatmadyk ýagdaýynda hususy şereketlere rugsat bermeli. Şeýle ýagdaýda ol ýerlerde şypahana gurup, halkyň saglygyna seretmäge şert döretjek işewür adamlaryň tapyljagy ikuçsuz.

“Bizde ne-hä bu zatlara ýol berilýär, ne-de bir döwletiň özi alada ediýär. Dogry, soňky 3-4 ýylyň dowamynda ozaldan hereket edýän şypahanalaryň durky täzelenip, bu ugurdan edilen işler kän. Baharly etrabynda “ Ýyly suw” şypahanasy guruldy. Emma eýeçilik edilmeýän, şular ýaly, ýer ýüzünde seýrek duş gelýän, tebigatyň eçilip beren gymmatlyklary hem gözgyny ýagdaýda ýatyr. Näsagçylygyň artýandygy bolsa göze dürtülip dur” diýip, Sona daýza aýdýar.

Sona daýzanyň aýtmagyna görä, bar bolan şypahanalaryň hem tölegi ýokary bolanlygy sebäpli, müňlerçe hassalar ol şypahanalaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärler.

“Halkyň saglygy ugrundaky alada döwletiň ilkinji aladasy bolmaly. Ýurtda bar bolan mineral suwly çeşmeleriň hiç birisi ünsden düşürilmän, eýeçilik edilmeli. Has hem ady agzalan çeşmä eýeçilik edilmeli. Ol ýerde ýylyň bütin dowamynda näsaglar kabul edilse, soňky ýyllar ýurtda ýürek-damar sistemasynda döreýän keseller bilen keselleýän adamlaryň heläkçilige uçraýanlarynyň sany ep-esli azalardy” diýip, Sona daýza nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.