Obama ABŞ-ny arap protestçileriniň tarapynda goýdy, Ysraýyla 1967 serhetlerine dolan diýdi

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonda özüniň Ýakyn Gündogar syýasaty barada möhüm ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Obama Addresses 'Arab Spring' In Keynote Speech



Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Döwlet departamentinde eden çykyşynda öten ýylyň aýagyndan başlap, tutuş arap dünýäsine ýaýran halk gozgalaňy barada ilkinji gezek giňişleýin durup geçip, bu gozgalaňy “azatlyga bolan ymtylyş” diýip atlandyrdy.

“Indi alty aý bäri Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada biz adatdan daşary özgerişlikleriň bolup geçýändigini görýäris. Meýdançalardan-meýdançlara, şäherlerden-şäherlere, ýurtlardan-ýurtlara adamlar özleriniň fundamental ynsan hukuklaryny talap etmek üçin baş göterýärler” diýip, Obama belledi.

Obama: “Öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi, amatly pursaty ilerledýän özgerişi Birleşen Ştatlaryň oňat garşylajakdygy barada şek-şübhe bolmasyn” diýdi. “Birleşen Ştatlar adamlar öz üstlerinden özleri höküm sürmeli diýen ynanç esasynda guruldy. Indi öz hukuklaryny almaga ymtylýan, bu işde üstünlik gazanmagyň dünýäni öňküsinden has asuda, durnukly we adalatly etjekdigini bilýän adamalaryň tarapyny çalmakda ikirjiňlenip bilmeris”.

Taryhy pursat

Obamanyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Tunisde ýaşaýan söwdagäriň mertebesine diktatoryňykydan ýokary baha berýändigini görkezmegi üçin bu bir taryhy pursatdyr. Hut şu manyda ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada iki aý bäri zerur reformalaryň geçirilmegi ugrunda barýan parahatçylykly demonstrasiýalara jogap bermekde adamlary öldürmek, köpçülikleýin türmä basmak ýoluny saýlap tutanlygy üçin berk duýduryş berdi.

Amerikan prezidenti Siriýadaky parahat protestçilere garşy gazaply güýç ulanylmagy bilen baglanyşykly wakalary ýazgaryp, Siriýanyň hökümetiniň halkyň talaplaryny göz öňünde tutmalydyklaryny belledi. “Assad baş bolup, öz ýurduny parahatçylykly demokratik geçişe getirmeli ýa-da ýoldan gyra çekilmeli” diýip, Obama aýtdy.

Obama Orta Gündogardaky demokratik özgerişleriň Birleşen Ştatlaryň strategik bähbitlerine ters bolsa-da, olary goldaýandyny bildirdi: “Biziň gysga möhletli bähbitlerimiziň bu region baradaky uzak möhletli arzuwlarymyza doly jebis gelmeýän mahallary bolar. Ýöne biz düýp prinsiplerimiziň, geçen alty aýlykda bu wakalara seslenmekde ugur alan prinsiplerimiziň üstünde durarys”.

Amerikan prezidenti demokratik reformalary goldaýan ýurtlara ykdysady taýdan goldaw bermek barada-da durup geçdi. Ol goldawyň graždan jemgyýetine köpräk kömek bermek we möhüm ykdysady ýardam görnüşinde boljakdygyny bildirdi: “Biziň aýdýan zadymyz gaty ýönekeý: reformalaryň getirmegi mümkin bolan töwekgelliklerini kabul etseňiz, Birleşen Ştatlar sizi doly goldar”.

Ak Tam Müsüriň 1 milliard dollar bergisini geçýändigini hem yglan etdi. Ol şeýle hem Daşary ýurtlarda hususy maýa goýmak korporasiýasynyň üsti bilen Kaire bir milliard dollara çenli kredit berilmegini kepillendirdi.

Obama öz çykyşynda şu ýylyň tomsundan başlap amerikan güýçleriniň Owganystandan çykarylyp başlanjakdygyny hem mälim etdi.

Osama bin Ladenin ölümi barada-da durup geçip, ol: “Bin Laden we onuň ganhor garaýyşlary käbir adamlaryň simpatiýasyny gazandy. Emma onuň ölüminden has öň “Al-Kaýda” özüniň durmuşa ornaşmak ugrundaky göreşinde ýeňlişlere sezewar boldy. Sebäbi halk köpçüligi özleriniň gowy durmuş ugrundaky isleglerine bigünä adamlaryň öldürilmeginiň jogap bolup bilmejekdigine düşündi” diýip, Obama nygtady.

Ysraýyla 1967 serhetlerine dolan diýdi

Obama pursatdan peýdalanyp, Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl-Palestina konfliktindäki tutumynda hem möhüm üýtgeşikligiň bolandygyny bildirdi. Ol Ysraýyly 1967-nji ýyldaky serhetler esasynda Palestina döwletiniň gurulmagy bilen ylalaşmaga çagyrdy. 1967-nji ýylda alty güne çeken söweş Ýerusalimiň gündogarynyň, Gazanyň we Iordan derýasynyň günbatar kenarynyň Ysraýyl tarapyndan okkupirlenmegine getiripdi.

“Birleşen Ştatlaryň Ysraýylyň howpsuzlygy baradaky wadasy üýtgewsiz. Ýöne hemişelik parahatçylygy öňe sürmek üçin Ysraýylyň hem batyrgaýy hereket etmegi gerek” diýip, Obama Döwlet departamentinde eden çykyşynda belledi.

Obama Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşikleriniň “iki döwlet bilen, ýagny Palestinanyň Ysraýyl, Iordaniýa we Müsür bilen hemişelik serhetleriniň hem-de Ysraýylyň Palestina bilen hemişelik serhetleriniň ýola goýulmagy bilen tamamlanmalydgyny" aýtdy.

"Iki döwlet üçin hem howpsuz we ykrar edilen serhetleriň döredilmegi üçin Ysraýylyň we Palestinanyň serhetleri, özara ylalaşylan çalyşmalar bilen, 1967-nji ýyldaky territorial araçäklere görä kesgitlenmeli" diýip, Obama nygtady. "Palestinanyň halkynyň öz-özlerini dolandyrmaga hem-de özbaşdak we goňşy döwletde öz potensiallaryna ermäge haky bolmaly".

Obama: “Adamlaryň Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada geçmişiň ýüküni öz üstlerinden agdaryp urýan häzirki wagtynda konfliktiň soňuna çykyp, ähli taraplary kanagatlandyrjak dowamly parahatçylyga bolan isleg ozalkylaryndan has wajyp” diýdi.

Şeýle hem ABŞ-nyň prezidenti: “Sentýabrda Ysraýyly çetleşdirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynda edilen simwoliki işler bir garaşsyz döwlet döretmez” diýip, prezident Mahmud Abbasyň öňümizdäki sentýabrda BMG-e Palestina döwletini ykrar etdirmek baradaky planyny öňünden ret etdi.

ABŞ-nyň orny

Strategik we halkara barlaglar baradaky merkeziň Ýakyn Gündogar programmasynyň direktorynyň orunbasary Haim Malka: “Obama Amerika bu halk gozgaňlaryny turuzmadyk hem bolsa, onuň üstünliginde paýynyň bardygyny bildirdi” diýýär.

“Arap dünýäsindäki adamlarda bu bir arap pursaty diýen duýgy, regionda gozgalaň turzup, Tunisde we Müsürde hökümetleri çalşyran halkyň özi diýen duýgy döredi. Olar muny ne öz hökümetleriniň, ne Birleşen Ştatlaryň, ne-de başga bir güýjüň ellerinden almagyny isleýärler. Şol sebapden prezident Obama bir deňagramly ýoly saýlap tutdy. Ol amerikanlara bu özgerişleriň Birleşen Ştatlar bilen nähili ilteşiklidigini aýtmaga synanyşdy. Ol munuň arap pursatydygyny boýun aldy, bir tarapdan-da, Amerikanyň bu pursatda rol oýnamalydygyny boýun aldy” diýip, Malka aýdýar.

Georgetown uniwersitetinde arap syýasaty boýunça kömekçi professor Samer Şehata: “Obama Birleşen Ştatlaryň regiondaky dürli ýurtlar barada gyradeň syýasat alyp barmanlygyny aýtmady. Ýöne ol Birleşen Ştatlaryň syýasy erkinlik we adam hukuklaryny öz içine alýan birgiden ählumumy gymmatlyklary goldaýandygyny halka ýetirdi” diýýär.

Şehatanyň garaýşyça, Obamanyň sözleriniň araplara eden täsiri köp bolmaz: “Meniň pikirimçe, arap dünýäsinde hemmeler bir çetde jenap Obamanyň sözlerine garaşyp oturandyr diýip pikir etmek ýalňyş bolar. Geçen dört aý çemesi wagtda bolan wakalaryň görkezişi ýaly, arap dünýäsiniň ykbalyny we taryhyny ýazýan araplaryň özi. Birleşen Ştatlaryň munda täsiri bar, ýöne bu kesgitleýji faktor däl”.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Obamanyň ýaraşyk gepleşiklerine täzeden başlanmagy barada edýän tagallalaryna özüniň ýokary baha berýänligini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň aýtmagyna görä bolsa, Obamanyň 1967-nji ýyldaky serhetleriň çägindäki Palestina döwleti diýýäni Ysraýyly goragsyz goýar.