18-nji maýda Türkmenistanyň prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin ähli amatly şertler döredilen bu köşkler toplumynda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary hem-de dünýäniň dürli döwletlerinden Türkmenistana gelýän ilçiler kabul ediler. Bu köşkler toplumynda daşary ýurtlaryň ýokary derejeli delegasiýalarynyň birbada on dördüsiniň gatnaşmagynda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik bar.
Mundan başga-da bu ýerde Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirmäge niýetlenen otaglar bar. Köşkler toplumynda habarlary we gepleşikleri göni efire berip bilýän otaglar bolup, olarda habar beriş serişdeleriniň iň häzirki zaman ulgamy ornaşdyrylandyr.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynyň açylyş dabarasynda, 18-nji maý.
Fransiýanyň «Buig» gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edilen köşkler toplumynyň umumy bahasy 250 million ýewro diýlip aýdylýar. Paýtagtyň merkezinde gurlan bu gözel ymaratlaryň gurluşyk işleri üç ýyldan gowrak wagta çekdi.

“Oguzhan” köşkler toplumy Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň üçünji rezidensiýasydyr. Ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistan kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň binasynda oturyp, ýurdy dolandyrypdy. Ilat arasynda «Gupbaly jaý» ady bilen meşhurlyga eýe bolan ol bina geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň başynda gurlupdy.
1997-nji ýylyň aprelinde «Buig» kompaniýasy Nyýazowyň buýurmasy bilen täze prezident köşgüni bina edýär. Bahasy 80 million dollar bolan ol köşge Saparmyrat Nyýazow «Türkmenbaşy köşgi» diýip at dakdyrýar. Emma 2006-njy ýylda Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, «Türkmenbaşy köşgüniň» ady «Prezident köşgi» diýlip üýtgedilýär.
Täze bina edilen Türkmenistanyň prezidentiniň köşkler toplumy Oguzhanyň adyny göterýär. (Surat 18-nji maýda düşürilen)
“Oguzhan” köşkler toplumy ozalky Türkmenistan kompartiýasynyň Merkezi Komitetinden galan hem-de Saparmyrat Nyýazowyň «Buige» gurduran 80 million dollarlyk köşklerine ýanaşyk ýerde ýerleşýär.
Paýtagtyň merkezinde şeýle köp mukdarda binalar toplumynyň emele gelmegi aşgabatlylary gaty kyn ýagdaýda goýýar. Hususan-da awtoulaglylar bu babatda kösenýärler. Sebäbi paýtagtyň esasy köçeleriniň biri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly (ozalky Lenin prospekti) prezidentiň işe gelip-gidýän uçurlary irden we öýleden soň ýapylýar. Bu bolsa köçelerde awtomobil dykynlarynyň döremegine getirýär.

Köşkler toplumynyň tutýan meýdany gaty uly bolanlygy sebäpli, ol ýerlerde awtomobillere durmak gadagan. Şol sebäpden pyýada ýolagçylara köşkleriň töwereginde taksi tutmak üçin hiç hili mümkinçilik ýok.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.