Pakistanyň premýer-ministri Hytaýa sapara barýar

Şu gün Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani Hytaýa dört günlük resmi sapara barýar.

Onuň bu sapary ýakynda Pakistanda Osama bin Ladeniň amerikan güýçleri tarapyndan öldürilmeginiň yzy bilen Pakistan-ABŞ gatnaşyklarynyň dartgynlaşan günlerine gabat geldi.

Käbir synçylar bu wakalardan soň Pakistanyň indi Hytaý bilen gatnaşyklaryny has-da ösdürmeklige umyt baglaýandygyny aýdýarlar.