“Göz çykaranyň – gözüni çykarmak” çözgütmi?

Amaneh Bahrami özüniň asyl ýüzüniň suratyny görkezýär, Barselona, 2009-njy ýylyň 5-nji marty.

Eýranda “maňa durmuşa çyk” diýen teklibine gyzdan “ýok” jogabyny alan bir oglan onuň ýüzüne ýakyjy kislota sepensoň, gyzyň ýüzünde adam sypaty galmady. Üstesine-de, gyzyň gözleri kör boldy. Indi, gyzyň pikiriçe, ol oglanyň öz gözlerine-de şol kislotany guýmak – adalatly çözgüt bolar.

Amaneh Bahrami diýen gyz 2004-nji ýylda Mäjid Mowahediniň özüne öýlenmek teklibini ret edensoň, Mäjid muňa gahar edip, Amanehiň ýüzüne kislota serpipdi. 14-nji maýda Eýranyň sudy Mäjide garşy edil onuň öz eden jenaýaty ýaly jezanyň berilmelidigi barada höküm çykardy. Suduň çykaran kararyna görä, Mäjidiň her gözüne bäş damja kislota damdyrylmaly. Bu jezany Tähranyň keselhanalarynyň birinde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Halkara we eýranyň adam hukuklaryny goraýjylary munuň wagşy jezalary çäklendirmek barada kabul edilen halkara şertnamalaryna laýyk gelmeýändigini aýdýarlar.

32 ýaşly Bahrami özüne ýeten agyr ýaralary bejertmek üçin 17 gezek dürli operasiýlary başdan geçirdi. Bahraminiň Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna aýtmagyna görä, Mäjide çykarylan bu jeza beýleki erkekler üçin hem sapak bolmaly.

"Men bu damjalary onuň gözüne hut öz elim bilen damdyrmak isleýärdim. Haçanda meniň gözlerime medisina damjalaryny damdyranlarynda, käte men olaryň kislota bolman, medisina damjalarydygyny unudýardym. Men onuň gözlerini tutup, kislotany hut özümiň guýmagymy isleýärdim. Ýöne men munuň ellerimi ýakjakdygyna düşünýärin, şol sebäpli muny ol ýerdäki doktoryň özi etmeli” diýip, Bahrami belledi.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Eýranyň resmilerine ýüzlenip, beýle jezanyň berjaý edilmeginiň öňüni almaga çagyrdylar. Şeýle-de bu hökümi amala aşyrjak doktoryň “medisina boýunça kabul edilen halkara etiki kadalary” bozýandygy hem öňe sürüldi.

Yslamyň kanunçylyk boýunça bilimi “göz çykaranyň – gözüni çykar”, ýagny “kasas” diýlip atlandyrylýan düzgünine esaslanýar.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna beren interwýusynda Bahrami oglana berilmeli jeza “ar almak däl” diýip, nygtaýar. Ýöne ol jenaýatçynyň “öz jezasyny çekmegini” isleýändigini aýdýar: “Men beýleki aýal-gyzlaryň hiç haçan meniň günüme düşmezligini isleýärin”.

Eýranda aýal maşgalalara garşy amala aşyrylýan kislota hüjümleriniň çägi barada bil baglap bolar ýaly hiç bir statistiki maglumat ýok. Şwesiýada ýaşaýan aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist, özi hem kislota hüjümine duçar bolan, Maria Haşeminiň bellemegine görä, Mäjid Mowahedä çykarylan höküm beýle hüjümleriň öňüni alyp bilmez. "Men bu barada keselhanada ýatan wagtym köp oýlanypdym. Kasas çykalga däl. Ameneh-e häzir gowy mediki gözegçilik gerek” diýip, Haşemi nygtady.

Amaneh Bahraminiň başdan geçiren wakasy we onuň Mowahediniň kör edilmegine çagyryşlary eýran jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Köpler Bahramini goldaýarlar, şeýle-de Mowahediniň öz etmişine laýyk jezany aljakdygyny aýdýarlar.