Liwiýa oppozisiýasyna Londonda edara açmak teklip edildi

Şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron Liwiýanyň oppozision milli geçiş geňeşine Londonda özüniň hemişelik ofisini açmaklygy teklip edendigini aýtdy.

Bu barada şu gün Deýwid Kameron Londonda Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abdul-Jalil bilen geçiren gepleşiklerinden soň mälim etdi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, şu gün NATO güýçleriniň Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň birnäçe nokatlaryna, şol sanda, Muammar Kaddafiniň hökümet binalaryna garşy-da howa hüjümlerini geçirendikleri barada maglumat alyndy.

Liwiýanyň hökümet resmileri bu hüjümlerde azyndan iki adamyň ölendigini mälim etdiler.