Gyrgyzystanda türkiýeli žurnalist tussag edildi

Gyrgyzystanyň aýtmagyna görä, Bişkekde yslamçy terror guramasyna dahyllylykda gümän edilip, türk žurnalisti tussag edilipdir.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugynyň berýän maglumatyna görä, Ali Osman Zor atly žurnalist “Beýik gündogar yslam söweşijileriniň fronty” toparynyň agzasydyr. Bu gurama Ýakyn Gündogarda halifatlygyň döredilmegi ugrunda hereket edýär.

Berilýän maglumata görä, Ali Osman Zor 2-nji maýda Türkiýäniň haýyşy esasynda tussag edilipdir.

Ali Osman Zor Gyrgyzystana geçen ýyl gelipdi. Ol şol ýerde türk mediasy üçin žurnalist bolup işleýärdi.