Tanymal syýasatçylar Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň işine ýokary baha berdiler

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasy

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ýerewandaky býurosyna myhmançylyga baran Ermenistanyň premýer-ministri Tigran Sarkisýan Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň “ýurtdaky problemalary we ýetmezçilikleri ýüze çykarmagyna” ýokary baha berdi we ony Ermenistanyň durmuşynyň “aýrylmaz bölegi” hasaplaýandygyny aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Tigran Sarkisýan
“Siz dünýäde giňden ýaýran demokratiýa we adam hukuklary ýaly gymmatlyklary goraýarsyňyz” diýip, Sarkisýan aýtdy. “Siz Ermenistanda bar bolan problemalary ýüze çykarmaga çalyşýarsyňyz, hökümet bu tankytlara jogap bermäge çalyşýar. Bu dialog ýurt üçin örän peýdaly”.

Sarkisýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy bolan Azatutýun Radiosyna 7-nji maýda bardy. Şol gün öňki Sowet respublikalarynyň birnäçesinde Radio güni hökmünde bellenilýär.

Ermeni premýeri Sarkisýan Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň gepleşiklerini diňleýändigini aýdyp, ýurtdaky demokratik öňegidişlikleriň bir gün bu radiostansiýa bolan zerurlygyň ýokdugyny aňlatjagyna umyt bildirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy (RFE/RL) özüniň efire berýän ýurtlarynda demokratiýa we söz azatlygy ymykly ornaşan ýagdaýynda özüniň missiýasyny tamamlaýan radiostansiýa hökmünde tanalýar.

Öňki Sowet respublikalarynyň ençemesinde demokratiýanyň ornaşmagy we käbiriniň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmagy bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy birnäçe ýerde özüniň missiýasyny soňlapdy. Radiostansiýanyň Wenger gullugynyň işi 1993-nji ýylda, Polýak gullugynyň işi 1997-nji ýylda, Çeh gullugynyň işi bolsa 2002-nji ýylda tamamlandy. Şeýle hem Estoniýa, Latwiýa, Litwa we Slowakiýa efire berilýän gepleşikler 2004-nji ýylda ýatyryldy. Rumyn gullugy bolsa 2008-nji ýylda ýapyldy.

60 ýyl

Bu aralykda, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň kommunist Çehoslowakiýa öz gepleşiklerini efire berip başlamagynyň 60 ýyllygy bellenilýän mahaly çehiýaly we slowakiýaly tanymal syýasatçylar we döredijilik işgärleri bu radiostansiýanyň Merkezi we Günorta Ýewropada kommunizmiň syndyrylmagyndaky roluna ýokary baha berdiler.

“Azat Ýewropa Radiosy kommunist režim tarapyndan döredilen informasiýa böwetlerini ýykyp taşlady” diýip, Çehiýanyň premýer-ministri Petr Nekas aýtdy. “Hakykat we Azat Ýewropa Radiosy biziň ýüregimizde hemişe öçmejek ýagty yz bolup galar”.

Slowakiýanyň premýer-ministri Iweta Radikowa bolsa Azat Ýewropa Radiosynyň “adamlaryň öýlerinde kiçijek azatlyk adasyny” döredendigini ýatlady. Slowak premýeri regiondaky korrupsiýa meseleleriniň heniz hem demokratiýa howp abandyrýandygyny belläp, RFE/RL-niň žurnalistik professionallygynyň häzirki günde hem Ýewropada möhüm orna eýedigini aýtdy.

Nekas we Radikowa Azat Ýewropa Radiosynyň Çehiýa Respublikasyndaky we Slowakiýadaky mirasyna bagyşlanan konferensiýada çykyş etdiler. Bu konferensiýa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, Karlow uniwersiteti we Çehiýanyň Senaty tarapyndan bilelikde gurnalan çäreleriň biri boldy.

Missiýa dowam edýär

Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gawel
“Demir perdäniň syrylmagy bilen Azat Ýewropa Radiosyny Pragada garşy alyp bilmegimiz bize örän uly kanagatlanma duýgusyny berdi. Şeýle etmek bilen biz onuň ynamdar işine öz bergimizi berdik” diýip, Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gawel öz beýanatynda aýtdy.

“Azat Ýewropa Radiosynyň häzirki postmodern we syýasy taýdan durnuksyz döwürde öz missiýasyny dowam etdirjegine, ýagny adam hukuklaryny, raýat hukuklaryny we adamzat mertebesini gorajagyna umyt bildirýärin” diýip, Gawel radiostansiýanyň işine ynam bildirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy 1995-nji ýyldan bäri Pragada ýerleşýär. Ondan öň bu radiostansiýa öz gepleşiklerini Germaniýanyň Mýunhen şäherinden efire berýärdi.

Häzirki gün 20 milliona golaý diňleýjisi bolan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň gepleşikleri 28 dilde 21 ýurda efire berilýär. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň wise-prezidenti Jon O’Saliwan: “Biz awtoritar režimlerde, söweş zonalarynda ýa-da terrorizm howpy astynda ýaşaýan hem-de ynamdar habarlara we jedelli sowallar boýunça dürli pikirlere mätäç bolan adamlar üçin zerur gerek. Emma, gynanasagam, biziň işimiz entek tamamlanardan juda ir” diýdi.

Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilwes
Ýakynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp, Mýunhende geçirilen tegelek stol çäresinde çykyş eden Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilwes 1990-njy ýyllaryň başynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň auditoriýasy bolan 400 milliona golaý adamyň, 20 ýyl geçensoň, diňe 100 millionynyň açyk jemgyýetde ýaşaýandygyny, galan 300 milliona golaý adamyň maglumat almak hukuklarynyň henize çenli-de häkimiýetler tarapyndan çäklendirilýändigini belledi.