Garyp döwletleriň kynçylyklary maslahat edilýär

Baş sekretar Ban Ki-Mun sammitiň açylyşynda bu konferensiýanyň möhümdigine ünsi çekdi.

Häzir ýer togalagynda her gün giçlik milliarda golaý adam çalamydar ýagdaýda – açlykda uka gidýär, dünýäniň 48 döwletinde ýylyň dowamynda adam başyna düşýän girdeji 900 dollardan hem pes. Şeýle-de graždanlyk uruşlary we epidemiýalar bu gabahatlyklaryň üstüne urna bolýar.

Dünýäniň iň garyp döwletleriniň ýüzbe-ýüz bolýan bu kynçylyklarynyň çözgüdini tapmak üçin Birleşen Milletler Guramasy her 10 ýyldan sammit gurnaýar.

BMG-niň gowşak ösýän döwletlere bagyşlanan nobatdaky, dördünji sammiti ýakynda, ýagny 9-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäherinde açyldy. Bäş günläp dowam edýän bu sammite ençeme ýurt baştutanlary, premýer-ministler we başga-da ýokary derejeli resmiler, şeýle-de ençeme halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu konferensiýa Türkmenistandan ýurduň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow gatnaşýar. Sammite BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun başlyklyk edýär.

Häzir ýer togalagynda her gün giçlik milliarda golaý adam çalamydar ýagdaýda – açlykda uka gidýär.
Baş sekretar Ban Ki-Mun sammitiň açylyşynda bu konferensiýanyň möhümdigine ünsi çekdi: “Bu häzirki 10 ýyllyk üçin Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ösüş meseleleri boýunça geçirýän ilkinji konferensiýasydyr. Bu 10 ýylyň dowamynda biziň halkara maşgalamyzyň käbir garyp we ejiz agzalary üçin halkara raýdaşlyga we herekete başlamagymyz üçin mümkinçilikdir. Biz muny elden gidirmeli däldiris. Biz bu mümkinçilikden hökmany ýagdaýda peýdalanmalydyrys. Ýüzlerçe million adamlaryň ykbaly bu konferensiýanyň netijesine bagly bolup biler”.

Gowşak ösýän döwletleriň kynçylyklary barada ilkinji gezek 1981-nji ýylda Parižde maslahat edildi. Ikinji konferensiýa mundan 10 ýyl soňra, ýagny 1990-njy ýylda ýene-de Fransiýanyň paýtagtynda gurnaldy. Üçünji gezek bu sammit 2001-nji ýylda Brýusselde geçirlipdi.

1971-nji ýylda gowşak ösýän döwletleriň sany 25-e ýetýärdi. Häzir bu görkeziji 48-e çenli artdy.

Stambulda açylan gowşak ösýän döwletleriň dördünji konferenisýasynda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bu 48 döwletiň ýagdaýyna ünsi güýçlendirmelidigini nygtady: “Bu döwletlerdäki ýaşaýan adamlar dünýäniň ilatynyň 13%-ni emele getirýär. Ýöne, muňa garamazdan, dünýä boýunça girdejileriň diňe 1%-i olaryň paýyna düşýär. Görşüňiz ýaly, bärde uly bir deňagramsyzlyk bar. Bu maslahatlary geçirmek bilen öňde goýulýan iň uly maksat: bu ýagdaýa dünýäniň ünsüni çekmekdir”.

13-nji maýda tamamlanjak Stambuldaky sammitiň dowamynda geljek 10 ýyl üçin kesgitli, aýdyň maksatlaryň we çäreleriň bellenmegine garaşylýar. Bular barada BMG-niň Baş sekretary şeýle diýdi: “Geliň, biz öz öňümizde uly maksatlary goýalyň. Men agza döwletleri ymtylma bilen hereket etmäge, işlejek bolmaga çagyrýaryn. Geliň, haçanda biz bu konferensiýadan çykanymyzda, biziň elimizde edilemli işleriň takyk we uzak möhletleýin programasy bolsun. Ýagny, söwdany, oba-hojalyk pudagyny, ösüşiň maliýeleşdirilmegini, klimatyň üýtgemegini we beýleki zerurlyklary öz içine aljak programmamyz bolsun”.