Medwedew Orsýetiň harby senagatynyň işinden nägile

Orsýetiň prezidentiniň aýtmagyna görä, ýurduň harby senagaty möhüm ýarag şertnamalary boýunça öz wezipelerine hötde gelmändir.

Prezident Dmitriý Medwedew munuň bilen baglylykda degişli hökümet we senagat resmileriniň jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdy.

Medwedew “ýokary derejede kararlaryň kabul edilmegine we serişdeleriň goýberilmegine garamazdan, önümleriň buýruja gowşurylmazlygy kabul ederliksizdir” diýdi.

Orsýet dünýäniň ikinji uly ýarag eksportçysydyr. Emma, käbir analitikleriň pikirine görä, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Orsýetiň ýarag senagaty hem çöküpdir.