Azamat üç ýyl mundan öň Bişkegiň çaga dogrulýan öýünde kemisli, ýagny ýirik dodakly dünýä inensoň, ejesi öz çagasyndan ýüz öwrüp, ony şol ýerde goýup gitdi. Şondan bäri Azamat paýtagt Bişkegiň ýetimeler öýünde önüp-ösýär. Üstesine-de, saglyk ýagdaýy sebäpli ol gürlemekde-de, iýmit iýmekde-de kynçylyk çekýär we bu ugurda öz ýaşytdaşlaryndan yza galýar.
Şimkuslar Gyrgyzystanyň maşgala kodeksine degişli üýtegetmeleriň girizilip, özlerine Azamaty ogullyga almaga ýol açjak güne ýüreklerindäki sabry elden bermän garaşýardylar.
Olaryň garaşan güni 6-njy maýa gabat geldi. Şol gün prezident Roza Otunbaýewa ýurduň parlamentiniň gizlin ses berişlige görä kabul eden kararyna gol goýdy. Bu karar daşary ýurt raýatlarynyň ýerli çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almagyna ýol açýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu kanun, çaganyň dürli zulumlara sezewar edilmeginiň öňüni almak üçin, ogullyga we gyzlyga almak prosesine berk gözegçiligi üpjün edýär.
2009-njy ýylda maratoriniň girizlimeginiň esasy sebäpleriniň biri bu ogulluga we gyzlyga almak boýunça kesgitlenen prosesde käbir ýetmezçilikleriň bolmagydy. Bularyň arasynda daşary ýurda çykarylan gyrgyz çagalarynyň başyna gelip biljek howpdan hüşgärlik hem bardy.
Döwlet gözegçiligi
Gyrgyz kanun çykaryjysy Damira Nyýazlyýewanyň aýtmagyna görä, “Daşary ýurtlularyň gyrgyz çagalaryny ogullyga ýa-da gyzlyga almak prosesine başdan-aýak gözegçilik etjek bir döwlet edarasynyň döredilmegi zerur”.
Maşgala ködeksine girizilen täze üýtgetmelere görä, ogullyga we gyzlyga almak meselelerine indi Gyrgyzystanyň Sosial taýdan gorag ministrligi gözegçilik eder.
Nyýazlyýewanyň bellemegine görä, bu döwletiň berk kontrollygyny üpjün eder: "Öňler, mysal üçin, ogullyga ýa-da gyzlyga almak boýunça iş alyp barýan bir amerikan dellal kärhanasy gös-göni ýetimler öýüne baryp, ol ýerde bir çagany saýlap, ony surata düşürip amerika ugradyp bilýärdi. Häzir bular ýaly zatlary amala aşryryp bolmaz. Indi daşyndan gelen hiç kimiň ýetimler öýüne barmaga hukugy ýokdur. Ogullyga ýa-da gyzlyga alynmaga degişli ähli çagalar maglumatlar bazasyna giriziler. Indi haýsy çagany, haýsy maşgala ogullyga ýa-da gyzlyga berip boljakdygy baradaky meseleleri diňe Sosial taýdan gorag ministrligi kesgitlär”.
Gyrgyzytanyň Maşgala kodeksine girizilen üýtgetmeleriň deslapky nusgasy mundan bir ýyl ozal taýýarlanypdy, emma ýurtdaky syýasy tolgunyşyklar sebäpli onuň kabul edilmegi gaýra süýşürlipdi.
Şimkuslaryň aýtamgyna görä, olar Azamaty ilkinji gezek 2008-nji ýylda, ýagny ýaňy bäş aýlyk bäbejikkä görüpdirler. Şimkuslar Bişkekde iki hepde töweregi wagt geçirensoňlar, sud Azamaty ogullyga almak meselesi boýunça ahyrky netijäniň bir aýdan soň yglan ediljekdigini aýdyp, olary yzyna – Birleşen Ştatlara ýollapdy.
Gabrielle Şimkusyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olaryň çagany öz ýanlaryna, ABŞ-a getirmek üçin ençeme hepdeleriň dowamyndaky eden tamalary amala aşmandyr.
“Gygyz-65”
Başga-da 64 sany maşgala Şimkuslaryň düşen bu gününe duçar boldular. Şol maşagalalar çagalary ogullyga we gyzlyga bermegi üçin gyrgyz hökümetini yrmaga Döwlet departamentine we birnäçe amerikan kanun çykaryjylaryna hem ýüz tutdular. “Gygyz-65” at bilen belli bolan bu topar hatda prezident Otunbaýewa hem ýüzlendi.
Gabrielle Şimkus bular barada şeýle gürrüň berdi: “Biz gyrgyz hökümeti hem öz hökümetimiz bilen gepleşikleri geçirmek ugrunda tagallalary etdik. Şeýle-de biz çagalarymyzy öz ýanymyz bilen äkidip bilmegimiz üçin konferens-aragatnaşyklaryny gurnadyk. Gynansak-da, köp çagalaryň käbir saglyk kynçylyklary bar. Diňe Birleşen Ştatlarda bu näsaglyklaryň hötdesinden gelip bolýar. “Gyrgyz 65” toparyndan iki çagajyk eýýäm dünýäden ötdi. Bu biziň üçin juda bir gynandyryjy ýagdaý. Sebäbi ogullyga we gyzlyga almak düzgün-kadalary öz wagtynda berjaý edilen bolsa, bu ölümleriň öňüni hem alyp bolardy”.
Daşary ýurtlulara çagalary ogullyga we gyzlyga almak boýunça girizilen maratoriýa çenli, has takygy 2006-2009-njy ýyllar aralygynda, amerikaly, ysraýylly, italiýaly, germaniýaly we awstraliýaly maşgalalar jemi 235 sany gyzgyz çagasyny ogullyga we gyzlyga aldylar.
Azamat üç ýyl mundan öň Bişkegiň çaga dogrulýan öýünde kemisli, ýagny ýirik dodakly dünýä inensoň, ejesi öz çagasyndan ýüz öwrüp, ony şol ýerde goýup gitdi.
Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gabrielle we Franks Şimkuslar Azamaty ogullyga almak umytlaryny häzire çenli üzmän gelýärler. Sebäbi 2009-njy ýylyň fewralynda gyrgyz hökümeti daşary ýurtlularyň ogullyk we gyzlyk edinmegine maratoriýa girizipdi.Şimkuslar Gyrgyzystanyň maşgala kodeksine degişli üýtegetmeleriň girizilip, özlerine Azamaty ogullyga almaga ýol açjak güne ýüreklerindäki sabry elden bermän garaşýardylar.